Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Telekeçiligi goldamak — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti
Ykdysadyýet
Telekeçiligi goldamak — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti
Çap edildi 23.02.2020
1189

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde çykyş edip, hususy bölegiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esaslarynda ösdürilýär, halk hojalygy toplumynyň bu ugrunyň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilendir. Munuň özi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreleriň ählisi 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr. Bu maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini höweslendirmek arkaly ykdysady ösüşi we durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Hususy bölegiň öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmagy hem-de ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýakynda, fewral aýynyň başynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň desgalar toplumy bina edilende we enjamlaşdyrylanda zerur bolan enjamlary, tehnikany we gurluşyk serişdelerini daşary ýurtlardan satyn almak üçin döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna golaý pul serişdesini bölüp bermek hakynda resminama gol çekdi. Ýurdumyzyň telekeçileri gurluşyk pudagynda işewürligi ösdürýärler hem-de bu ugurda has iri şertnamalary baglaşýarlar. Olar iri desgalary, şol sanda Aşgabatda tutuş ýaşaýyş jaý toplumlaryny, kaşaň myhmanhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sport we dynç alyş merkezlerini, senagat we gaýtadan işleýän kärhanalary gurýarlar. Ozal döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryny, Lebap welaýatyndaky Tübigatan kaliý dökünleri käninde Magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy üçin 600 million dollary bölüp berdi. Bu mysallar ýurdumyzda telekeçilik hereketini ösdürmäge gönükdirilen diňe käbir maglumatlardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde telekeçi — fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen karz ylalaşygyna gol çeker, bu gazna ABŞ-nyň 10 million dollaryny bölüp berer. Bu serişdeleriň hasabyna ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň birnäçe taslamalary maliýeleşdiriler, olaryň önümleri eksporta hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige ugrukdyrylandyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine öz uly goşandyny goşmak bilen, halkara maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, olardan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy böleginde amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini alýar. OPEK Halkara ösüş gaznasy şeýle edaralaryň biridir. OPEK Halkara ösüş gaznasy 1976-njy ýylda döredilen halkara maliýe guramasydyr. Alžir, Ekwador, Gabon, Indoneziýa, Eýran, Yrak, Kuweýt, Liwiýa, Nigeriýa, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Wenesuela bu guramanyň agzalary bolup durýarlar. Bu guramanyň esasy maksady dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr. Gazna dünýäniň 134 döwleti bilen hyzmatdaşlyk edýär, dürli ýurtlaryň hökümetlerine döwlet taslamalary we hususy bölegiň taslamalary, söwda işini maliýeleşdirmek, grantlary bermek üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek onuň esasy amallarydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hususy telekeçiligiň ösdürilmegine maliýe goldawyny bermek bilen, 2019-njy ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde hususy bölegi ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasy bilen ABŞ-nyň 10 million dollaryna deň bolan ylalaşyga gol çekdi. Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak maksady bilen bolsa bu bank ABŞ-nyň «John Credit Inc.» kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasyny getirmegi maliýeleşdirmek üçin 42 million amerikan dollaryndan gowrak karz ylalaşygyna gol çekmäge taýýarlanýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, telekeçileriň alyp barýan işleri Türkmenistanyň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam etmelidir hem-de işleriň öňdebaryjy usullaryndan ugur almalydyr, şol sebäpli hem döwletimiz geljekde-de kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldar, milli ykdysadyýetimizde onuň ornunyň giňeldilmegine ýardam berer. Hususan-da, obasenagat toplumy, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar ulgamy hem-de gurluşyk senagaty ugurlarynda telekeçilere uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz senagat toplumynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Geçen anna güni bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda elektron senagaty ýokary depginlerde ösdürilýär, innowasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ugurdaş düzümler emele gelýär. Mundan başga-da, durmuş tehnikasynyň — gaz we elektrik enjamlarynyň, howur peçleriň, tozan sorujylaryň hem-de sowadyjylaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi daşyndan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmaga hem-de ilaty köpçülikleýin islegden peýdalanýan harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şunda ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň ýola goýulmagyna, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Sarp ediş harytlarynyň önümçiliginiň giňeldilmegi, ýeňil we azyk senagatyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde hyzmat we söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşiniň ilata hödürlenmegini, ýokary goşmaça bahanyň döredilmegini, ykdysady diplomatiýany hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyny ýurdumyzyň işewürliginiň ösdürilmeginiň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow