03.05
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň tälimini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe bellenen tertipde harby bölümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.
03.05
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy.
03.05
2018
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Orazgeldi Gurbangeldiýewiç Golbaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
02.05
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
02.05
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
02.05
2018
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary!
Hanymlar we jenaplar!
Biziň gadyrly myhmanlarymyza: «Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri, şeýle hem biziň bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, olara çuňňur minnetdarlyk bildirýärin.
02.05
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
02.05
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Iran Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.
02.05
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.
02.05
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärelere gatnaşdy.