Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 02.05.2018
1815

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Türk işewüri milli Liderimizi taryhy waka — Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, bu gün Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünlikleri bilen tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli ýöretmegi netijesinde işewür toparlaryň wekilleri, şol sanda türk kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary berkeýär. Olar Türkmenistanda kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, Ahmet Çalyk belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşlary bolup durýan daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Iň gowy dünýä tejribesiniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine uly üns berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi dürli maksatly köp sanly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar, olar ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara ülňülere laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Türk işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň innowasion tehnologiýalary ilerletmäge ýardam etmek bilen, dürli ugurlarda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Bu babatda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň taslamasyny, sözüň doly manysynda, taryhy diýip atlandyrmak bolar, çünki onuň amala aşyrylmagy biziň ýurtlarymyzy özara gatnaşyklaryň täze sepgidine çykaryp, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň dünýä ulgamyna doly möçberde goşulmagyna, üstaşyr gatnawlarynyň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň täze deňiz portunyň ägirt uly ähmiýetini belläp, türk hünärmenlerine we işewürlerine köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly orun eýelejek özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza bildirýän ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow