02.05
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslany kabul etdi.
02.05
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (EAHF) ýolbaşçysy Babara Badaty kabul etdi, ol “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
01.05
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň nobatdan daşary göçme mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamasynyň hem-de Balkan welaýatyny ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.
30.04
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.
30.04
2018
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti, sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döredip, halkymyzyň çyn ýürekden söýgüsine, abraýa hem-de hormata mynasyp holan artist, türkmen operasynyň ady rowaýata öwrülen aýdymçysy Maýa Kulyýewa 2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde 98 ýaşynda aradan çykdy.
29.04
2018
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.
29.04
2018
Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän dabaralara daşary ýurtly žurnalistler hem gatnaşýarlar, olar Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary beýan etmek üçin geldiler.
29.04
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
29.04
2018
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden gutlaglary kabul etdi.
29.04
2018
Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!
Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!