Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Çap edildi 02.05.2018
1761

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu taslamanyň taryhy ähmiýeti sebitdäki goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen doly möçberli halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen şertlendirilendir. Gubernator Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen baglylykda köp şahaly ulag-logistika düzümini döretmek boýunça oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz menzilini ulanmaga bermek mynasybetli çärelere gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini, dürli ulgamlarda, şol sanda gämiçilikde bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda uly tejribäniň toplanandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Russiýanyň sebitleri we esasy senagat merkezleri bilen göni hem-de netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we Russiýa Federasiýasynyň sebit ýolbaşçysy söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly ileri tutulýan ugurlardaky gatnaşyklara üns berdiler. Şunda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň logistiki hyzmatlaryny we beýleki mümkinçiliklerini nazara almak bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljeginiň bardygy aýratyn bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen işewür gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna, iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow