Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 02.05.2018
1773

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärelere gatnaşdy. Myhman döwlet Baştutanymyza Hazar deňzinde deňiz ulag geçelgeleriniň esasy merkezleriniň biri bolup hyzmat etjek ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de gutlaglaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň başyny başlan, Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryny işjeň goldap, ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Iki ýurduň halklaryny ozaldan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň Liderleriniň 2017-nji hem-de 2018-nji ýyllarda bolan özara döwlet saparlarynyň türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze tapgyry açandygy bellenildi. Söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda, işewür toparlaryň ugry boýunça gazanylan ylalaşyklar häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn söwdany artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň yklym derejesinde ulag-logistika düzümini döretmekdäki nobatdaky möhüm ädim hökmünde Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmeginiň ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, bu taryhy waka, gürrüňsiz, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, asyrlaryň dowamynda halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmekde özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlykda sebitiň ähli döwletleri üçin möhüm tapgyr bolar. Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatow iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin, dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow