Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministrini kabul etdi
Çap edildi 02.05.2018
1749

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Iran Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi. Myhman duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Abbas Ahmad Ahundi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu günki ajaýyp waka — Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen gutlady. Nygtalyşy ýaly, Eýranda okgunly ösýän, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, taraplaryň mizemez dostlugy hem-de hoşmeýilli erk-islegi bilen berkidilen we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-eýran duşuşygynyň netijeli häsiýetini belledi. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça hem-de oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi beren möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Duşuşygyň barşynda ulag ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistan bu ulgamda sebit hem-de halkara ulag-kommunikasiýa düzümini döretmek boýunça oňyn başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýolunyň gurulmagy bu babatda umumy tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, bu ýol Hytaýdan Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna ýükleri çalt ýetirmegiň amatly logistik çözgüdi bolup durýar. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi hem Hazarýaka döwletleriniň arasynda hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Hususan-da, munuň özi geljekde Eýranyň Enzeli we Neka portlaryna deňiz gatnawlaryny ösdürmäge hem-de Pars aýlagyndaky Bender-Abbas porty arkaly halkara multimodal ýük daşamagyň möçberlerini köp esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag ministrleriniň öňümizdäki mejlisine möhüm orun degişlidigi bellenildi. Onuň barşynda, şol sanda sebitiň döwletleriniň ykdysady taýdan goşulyşmagyna gönükdirilen düzümleýin taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar. Hoşlaşanlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we EYR-nyň ýollar we şäher ösüşi ministri Abbas Ahmad Ahundi iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow