Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
25.09 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Mar­ýa Lii­wa­la­dan ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.
25.09 2018
Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de er­kin ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni do­wam et­dir­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň, ga­zyň, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň ba­ha­la­ry­ny ter­tip­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň, ga­zyň, agyz su­wu­nyň we na­har du­zu­nyň mugt be­ril­me­gi­ni bes et­mek bel­le­nil­di.
25.09 2018
Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ber­ka­rar­lyk we bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ynam­ly dep­gin­ler bi­len öňe bar­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li we uzak möh­let­le­ýin öz­gert­me­ler döw­le­ti­miz­de kuw­wat­ly we kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mä­ge, şeý­le hem hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar.
24.09 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň “Ruh” otagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içerki syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
24.09 2018
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
24.09 2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyza atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyň dabaraly gowşurylyşy boldy.
24.09 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüniň “Şat” otagynda Mejlisiň Başlygyna, wise-premýerlere, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşanlaryny hem-de özüniň täze döreden “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabyny we “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly ylmy kitabyny gowşurdy.
23.09 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Ahwaz şäherinde harby ýörişiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereketler zerarly gynanç bildirdi.
21.09 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan Gutlaglaryny ýollady.
21.09 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguen Fu Çonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
805 sahypa
Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna