19.09
2018
Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik we beýleki ugurlar boýunça aragatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.
18.09
2018
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
18.09
2018
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşynda ýeňiji bolan türkmenistanly gatnaşyjylary awtoulag serişdeleri bilen sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:
17.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri senagat desgasynyň — “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy, bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi.
17.09
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi.
17.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
15.09
2018
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.
15.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy özgerişler amala aşyrylyp, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
14.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. 15-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçiriler.
14.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny we Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.