Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
BSGG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ilçisi çykyş etdi
Syýasy habarlar
BSGG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ilçisi çykyş etdi
Çap edildi 22.01.2019
1196

20-nji ýanwarda Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çäklerinde BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň başlyklyk etmeginde maglumat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga agza ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekiliýetleri, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ilçileri, Ženewada işleýän hemişelik wekiller gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň administratiw, býujet meseleleri we geljekki döwür üçin meýilnamalarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi, Türkmenistanyň Ženewadaky hemişelik wekili duşuşykda çykyş edip, ýygnananlary 2013-nji ýylyň 3 — 4-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek boýunça ilkinji halkara maslahat baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy. Şu maslahatyň umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Şol wekilçilikli forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, soňra bu resminama 2014-nji ýylda BSGG-niň Ýewropa üçin Sebitleýin komiteti tarapyndan tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek meselelerine bagyşlanjak ýokary derejeli ikinji halkara maslahat barada habar berildi. Hususan-da, gatnaşyjylaryň dykgatyna maslahatyň maksatnamasy (ýokary derejedäki umumy ara alnyp maslahatlaşmalar, mowzuklaýyn mejlisler hem-de interaktiw iş toparlarynyň mejlisleri), forumyň gün tertibi hödürlenildi. Duşuşygyň ahyrynda BSGG-ä agza ýurtlaryň ählisine özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de öňümizdäki maslahatyň netijeliligini gazanmak üçin özleriniň ýokary derejeli wekiliýetlerini ibermek teklip edildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň şu foruma gatnaşmagy üçin wekiliýetleriň ählisine zerur bolan kömegiň beriljekdigi bellenildi.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow