Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar, wekiliýetleriň agzalary!
Ilki bilen, sizi mähirli mübäreklemäge hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikdäki iş üçin döredilen şertler üçin minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň!
Bu gün biz ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek bilen, Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýýarys. Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň durnukly ösüşi üpjün edýän hökmany şertlerdiginden ugur alýar. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar.
Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazanylanlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar. Bu babatda şu gün «Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy» şygary bilen geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik sammiti möhüm waka bolar.
Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris.
Medeniýet ulgamynda biziň tarapymyzdan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”, şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi. Biziň döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmek zerurdyr. Sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip edýäris.
Parlament diplomatiýasyny ösdürmäge hökümetara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi we ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde garaýarys.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Şu günki sammit biziň öňümizde gatnaşyklaryň aýratyn ugurlaryndan hyzmatdaşlygyň bitewi we uzak möhletleýin ulgamyny kemala getirmäge geçmek üçin mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge hem-de bu formatyň işjeň agzasy bolmaga taýýardyr.
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynanýarys.
(Seul şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabry)