Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-NDÄKI duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-NDÄKI duşuşyk
Çap edildi 24.01.2019
1109

Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy hanym Florans Manženiň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen fransuz wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, söwda-ykdysady, maliýe-bank we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we dürli pudaklarda işleýän iri fransuz kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek işinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şol gatnaşyklar bolsa iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, syýasy geňeşmeleriň çäklerinde 2019-njy ýylyň dowamynda dürli derejelerdäki resmi saparlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreleri guramaga degişli meselelere garaldy.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow