Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma we ýurduň ähli halkyna Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaudiýa Şeýnbauma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.