16.04
2017
Balkan welaýatynyň merkezindäki ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebinde iňlis-amerikan şaşkasy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaryşa gelen şaşkaçylar diňe bir medallar ugrunda bäsleşmän, şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-da geçjek dünýä çempionatynda çykyş etmeli milli ýygyndymyzyň esasy düzüminde agza bolmak üçin hem göreşdiler.
16.04
2017
Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda boks boýunça görkezme türgenleşikleri boldy, ony belli türgen bolan—Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiada –2000-iň ýeňijisi, dünýä we Ýewropa çempiony, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak geçirdi. Ol ýakyn ýyllarda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçriljek XXXII Bütindünýä tomusky oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça türkmen boksçylaryny türgenleşdirer.
11.04
2017
Daşkentde (Özbegistan) 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 17 ýurtdan—Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 400-e golaý türgeniň gatnaşmagynda küşt boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Ýaryşlaryň barşynda watandaşlarymyz medallaryň altysyny—iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.
10.04
2017
Kabaddi boýunça ýurdumyzyň çempionaty welaýatlaryň (Lebap welaýatyndan başga) we Aşgabadyň toparlaryny paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumyna ýygnady. Paýtagtymyzyň hem-de Mary welaýatynyň türgenleriniň arasynda geçen ýarym final duşuşygy çekeleşikligi boýunça aýratyn tapawutlandy. Duşuşygyň esaasy wagty 76:76 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça bäş minutlykda aşgabatly türgenleriň garşydaşlaryndan güýçlidigi mälim boldy.
10.04
2017
Aşgabatda hokkeý boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky Türkmenistanyň çempionaty geçdi. Paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçen ýaryşda iki ýaş toparynda – 2005-2008-nji ýyllarda doglan we 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda medallar ugrunda bäsleşikler geçirildi.
08.04
2017
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda meşhur “Harlem Wizards” toparynyň gatnaşmagynda hem-de ýene birnäçe aýdan türkmen paýtagtynda badalga alýan Aziada –2017-ä bagyşlanan basketbol tomaşasy uly üstünlik bilen geçirildi.
07.04
2017
“Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.
07.04
2017
Awazada Buzly köşk iri sport toplumynyň ulanmaga berilmeginiň çäklerinde açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
07.04
2017
Awazada bina edilen iri köpugurly sport desgasynyň çäklerinde açylan söweş sungatlarynyň toplumynda birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar.
07.04
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň kenar ýakasyndaky Bütindünýä saglyk gününde iri sport toplumy açyldy.