Baş sahypa
\
Sport
\
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni medallaryň toplumynyň ikisi ugrunda güýç synanyşyldy
Sport
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni medallaryň toplumynyň ikisi ugrunda güýç synanyşyldy
Çap edildi 25.04.2017
3184

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli hem-de erkekleriň arasynda 69 kilograma çenli iki görnüşde medallar ugrunda bäsleşildi. Zenanlaryň ýaryşynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň toparyna wekilçilik edýän Un Sim Rim ynamly ýeňşe eýe bolup, üç altyn medal gazandy: birden götermekde ol 106 kilogram agrama, itip galdyrmakda 131 kilogram agrama hötde gelip, iki görnüşiň netijesinde 237 kilogram toplady. Tailanddan Siripuç Gulnoi (231 kilogram) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Hytaýyň Taýpeýinden bolan türgen Niýen-Hsin Çiang hem şonuň ýaly netije toplap, öz garşydaşyndan diňe öz agramynyň gatnaşygyna görä yza galdy. Erkekleriň ýaryşynda Gazagystandan agyr atletikaçy Albert Linder birinji orny eýeledi. Ol itip götermekde (187 kilogram) we iki görnüşiň netijesinde (335 kilogram) iki altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol silkip götermekde kümüş medala mynasyp boldy. Şonda ol 148 kilogram agramy götermäge hötde geldi. Ikinji orna KHDR-dan Çol O Hang mynasyp boldy (331 kilogram) we üçünji orny bolsa Hytaýyň toparyna wekilçilik edýän Ldong Fing (325 kilogram) eýeledi. Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde Tolkunbek Hudaýbergenow iň oňat netije görkezip, 297 kilogram görkezijisi bilen Aziýanyň iň oňat türgenleriniň altylygyna girdi. Türkmenistanlylaryň ýene-de biri – Meretguly Sähetmyradow (294 kilogram) ýedinji orna düşdi. Agyr atletika boýunça ýaryşlaryň dördünji gününde hem iki agram derejesinde—zenanlaryň arasynda 69 kilograma çenli hem-de erkekleriň arasynda 77 kilograma çenli görnüşde medallar ugrunda güýç synanyşylar. 26-njy aprelde Olimpiýa şäherjiginde suwda ýüzmek hem-de kikboksing boýunça Aziýa çempionatlarynyň ýene-de ikisi badalga alýar. Bu ýaryşlara gatnaşmak üçin yklymyň Aziýa böleginiň köp ýurdundan bolan sportuň bu görnüşiniň iň güýçli ussatlary Aşgabada ýygnandylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow