Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen agyr atletikaçylarynyň iki bürünç medaly
Sport
Türkmen agyr atletikaçylarynyň iki bürünç medaly
Çap edildi 24.04.2017
2971

Olimpiýa şäherjiginde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty dowam edýär. Şu gün, ýaryşlaryň ikinji güni zenanlaryň arasynda iki agram derejesinde bäsleşikler geçirildi, şunda Türkmenistanyň topary iki bürünç medala eýe boldy. Medallaryň ikisini hem 53 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Kristina Şermetowa gazandy. Ýaryşlaryň birinji gününde biziň toparymyzyň hatarynda Ýulduz Jumabaýewa iki gezek üçünji orunlary eýeledi. Şu günki netijeleri hem hasaba almak bilen, Türkmenistanyň ýygyndy topary dört bürünç medaly eýeledi. K.Şermetowa itekläp götermekde 104 kilogramy galdyrmagy başardy, iki görnüşiň jemi boýunça ol 182 kilogram netijäni görkezdi. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdi öňki goýan şahsy rekordyny itekläp götermekde 4 kilogram ýokarlandyrdy. Sylaglamak dabarasyndan soň K.Şermetowa TDH-nyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde silkip götermekde onuň has ýokary netije görkezmegine ozal alan şikesiniň päsgel berendigini, onuň netijesinde iki ýylyň dowamynda agyr atletika bilen meşgullanmandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň ençeme gezek çempiony ýarym ýyl mundan ozal sporta gaýdyp geldi we heniz öňki durkuny doly derejede dikeldip ýetişmedi. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli galan wagtyň dowamynda türgenleşiklere has köp üns berip, türkmen tomaşaçylaryny täze sepgitler bilen begendirjekdigini we Aziada-2017-niň altyn medaly ugrunda göreşjekdigini aýtdy. 53 kilograma çenli agram derejede Hytaýyň toparyndan Çengji Weý (3 altyn medal) ýeňiji boldy. Bu türgen zenan iki görnüş boýunça 200 kilogram netije, silkip götermekde 88 kilogram we itekläp götermekde 112 kilogram netije görkezdi. Supatra Kaýewkong (Tailand) kümüş medala eýe boldy. 58 kilograma çenli agram derejede Hytaýyň taýpeýiniň toparyndan Hsing Çun Kuo üç altyn medala mynasyp boldy, ol iki görnüşiň jemi boýunça 241 kilogram netije görkezdi (silkip götermekde 104 kilogram, itekläp götermekde 137 kilogram). Ikinji oruny hytaýly Lingli Ou (219 kilogram) we üçünji orny Koreýa Halk- Demokratik Respublikasynyň wekili Su Kim (218 kilogram) eýelediler, bu agram derejede biziň türgenlerimiz çykyş etmeýärler. Ýaryşlaryň üçünji güni – 25-nji aprelde erkekleriň arasynda 69 kilograma çenli we zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejelerde medallaryň ýene iki toplumy ugrunda bäsleşikler bolar. 26-njy aprelde bolsa paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň ýene iki çempionaty – kikboksing we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar badalga alar, olara onlarça ýurtlardan sportuň bu görnüşiniň ussat türgenleri gatnaşarlar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow