07.04
2017
Türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreşi utgaşdyrmak üçin Türkmenstanda Bütindünýä doping agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine girişildi. Bu barada şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara sport kongresinde beýan etdi.
07.04
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy.
05.04
2017
2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresi geçiriler. Forumyň guramaçylary bolup Sport baradaky döwlet komiteti, VAziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet we Türkmenistanyň DIM çykyş edýär.
03.04
2017
Türkmen türgenleri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçýän 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular. Bu baýragy Leýli Şöhradowa gazandy. Ol 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda “rapid” görnüşinde çykyş edip, şeýle üstünlige mynasy boldy.
30.03
2017
Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary şu günler Maldiw Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň kümüş medallaryny eýeledi. Türgenlerimiz jemleýji duşuşykda Gyrgyzystanyň topary bilen bäsleşdi. Çekeleşikli bäsleşigiň barşynda ýurdumyzyň woleýbolçylary baş baýragyň eýesi bolan garşydaşlaryndan asgyn geldiler.
29.03
2017
Gazagystanda geçýän “Alatau gylyçlary” atly gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda ildeşimiz Ahmet Agaýew erkekleriň arasynda “şpaga” agyr söweş ýaragynda gylyçlaşmak boýunça ýaryşda bürünç medaly eýeledi.
27.03
2017
Köpetdag ulgamynyň Duşakerekdag (2482 m.) gerşine ylgaw ýaryşy bilen skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ine, eýýäm üçünji ýyl alpinizmiň bu gyzykly görnüşi boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň ýardam bermegi bilen geçirilýär.
27.03
2017
Almaty şäherinde (Gazagystan) gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” atly halkara ýaryşyna badalga berildi. Ol ýerde ildeşlerimiz “Rapira” görnüşinde (ýeňil türgenleşik ýaragy) altyn we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.
27.03
2017
“Budapest Spring Festiwal” atly küşt boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üç baýraga – iki altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Bu her ýyl geçirilýän ýaryşa 40 ýurtdan 140-a golaý küştçi gatnaşdy. Olar şweýsar ýaryş usuly boýunça dokuz tapgyryň dowamynda öz aralarynda bäsleşdiler.
27.03
2017
Latwiýanyň paýtagty Rigada geçen iri halkara ýaryşynda kikboksingçi ussatlarymyz hem ajaýyp üstünlik gazandylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri “Full-kontakt” görnüşi boýunça umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler hem-de bu görnüşde altyn medallaryň dokuzysyny, kümüş medallaryň üçüsini we bürünç medallaryň birini gazandylar.