Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi
Sport
Aşgabatda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi
Çap edildi 22.04.2017
2957

Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi, onuň barşynda 23-29-njy aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän yklym derejeli ýaryşlara Ýaponiýadan, Hytaýdan, Günorta we Demirgazyk Koreýadan, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan – jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşar. Kongresi açmak bilen, Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýew şu gezekki çempionatyň baýrakly orunlar ugrunda çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyny nygtady, sebäbi, Aşgabada güýçli türgenler ýygnandylar, olaryň hatarynda Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlara eýe bolanlar hem-de dünýäniň birinjilikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem bu ýaryşlarda sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatynda türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk başarnyklarynyň derejesi äşgär bolar, bu oýunlaryň maksatnamasyna agyr atletika hem girýär. Agyr atletika halkara federasiýasynyň prezidenti Tomaş Aýan TDH-nyň habarçylaryna beren interwýusynda sport toplumynyň hiline haýran galandygyny aýtdy, bu ýerde Aziýanyň çempionaty geçiriler. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanda türkmen myhmansöýerligi, paýtagt şäheriň bezegi hem-de gözelligi uly täsir galdyrdy. Öňde geçiriljek çempionat barada Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Muhammed Ýusuf Al Mana hem öz pikirini aýdyp, ilkinji nobatda, Aşgabatda Kongresi hem-de yklym derejeli iri ýaryşlary geçirmäge döredilen mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdi. Sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilýär, munda hem türkmen Lideriniň tagallasy uludyr. Saud Arabystanyndan gelen myhman Kongresiň işi barada aýdyp, mejlisiň oňyn ýagdaýda geçendigini nygtady. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar öň geçirilen ýaryşlaryň barşynda ýüze çykan käbir jedelli pursatlary ara alyp maslahatlaşdylar, öňde boljak ýaryşlarda, şol sanda ertir Aşgabatda badalga alýan Aziýa çempionatynda şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin bu pikir alyşmalaryň ähmiýeti uly bolar. Şu ýylyň başynda Agyr atletika halkara federasiýasy zenanlar toparynda täze agram derejelerini kesgitläp, ony sekiz kilograma çenli artdyrdy (häzire çenli ýedi kilogram). Şeýlelikde, Aziýa çempionaty Aşgabatda ilkinji gezek täze kadalar boýunça guralar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow