Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
17.12 2025

Golaýda Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, ählumumy syýasy dialogyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni çekdi. Esasy habarlar agentlikleri, elektron media neşirleri we beýlekiler öz sahypalarynda forumy giňden şöhlelendirip, häzirki geosyýasy ýagdaýlarda onuň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

16.12 2025

Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

15.12 2025

Şu gün paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.

14.12 2025

Şu gün ýur­du­myz­da Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ne­bit­gaz top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

11.12 2025

Şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy.

09.12 2025

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

07.12 2025

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

07.12 2025

Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.

04.12 2025

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

03.12 2025

Paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 8 – 12-nji dekabry aralygynda Garaşsyzlyk şaýolunda, Bitarap Türkmenistan şaýolunda we Türkmenbaşy şaýolunda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklediriljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

171 sahypa
Soňky habarlar
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry