Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
Jemgyýet
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
Çap edildi 31.07.2026
25

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — demokratiýanyň we agzybirligiň kämil nusgasy» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran maslahatynyň maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek baradaky gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka hasaplanylýan giň wekilçilikli foruma taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly boldy.

Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda, onuň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty demokratiýanyň milli nusgasy bolup hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi. Raýat jemgyýetiniň täsirli düzümleriniň birine öwrülen Halk Maslahaty täze taryhy döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birligini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlaryň bitewüligini äşgär edýän esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy.

Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň 15-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynyň ildeşlerimizde ýokary ruhubelentlik duýgusyny döredip, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň wezipelerini dolulygyna öz içine alandygy barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, has-da belent sepgitlere ýetirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan nusgalyk işleriň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdiginiň kepilidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Bu özgertmeler döwleti hem-de jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna ygrarly bolup, ýurdy dolandyrmak, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerinde toplanan baý tejribelere daýanýar. Şoňa görä-de, 23-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet Garaşsyzlygynyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň dabaralanmasy bolup, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýetli waka öwrüler.

“Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň Türkmenistany ösüşleriň ýolunda belent derejelere çykarmak ugrunda alyp barýan beýik işlerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak, şol işlere mynasyp goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr” diýip, çykyş edenler bellediler. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýakynda geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklary bolsa şol işleri talabalaýyk alyp barmaga borçlandyrýar. Çykyş edenler umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, munuň üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

***

Şu gün paýtagtymyzdaky “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasy berildi. Ol Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegine, halkdan gelip gowşan köp sanly haýyşlar we teklipler nazarda tutulyp, Milli Liderimiziň taýsyz tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegine bagyşlandy.

Sadakanyň dowamynda tebärek çykylyp, oňa gatnaşyjylar tarapyndan tagam dadylandan soň, aýat-töwir okaldy, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde hemişe üstünlikleriň ýar bolmagy dileg edildi.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
top-arrow