Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 07.11.2026
53

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa strategiýasy diňe bir milli bähbitleri öz içine alman, eýsem, tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen ählumumy meseleler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we "ýaşyl" ykdysadyýete geçmek ugrunda möhüm ädimler ädilýär. Bu yzygiderli tagallalar ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende göterýär.

Şu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologiýa çäresi bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm medeni-durmuş wakadyr. Bu çäreler ýaş nesilde tebigata aýawly garamak we daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle yzygiderli tagallalaryň netijesinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow