Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 03.07.2026
2731

Häzirki zaman ýaşlarynyň durmuşyndaky şanly wakalara, olaryň gazanýan üstünliklerine we döredijilik başlangyçlaryna bagyşlanan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 6-njy sany okyjylarymyza gowuşdy.

Neşiriň nobatdaky sany jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine, ýaş nesliň gazanýan üstünliklerine, ylym-bilimiň, medeniýetiň we sportuň ösüşine bagyşlanýar. Žurnalyň sahypalarynda ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlary durmuşa geçirmekdäki işjeň gatnaşygyny, şeýle-de ýaş hünärmenleriň, talyplaryň we okuwçylaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyny açyp görkezýän makalalar ýerleşdirilipdir.

Elektron neşiriň täze sanynda medeniýetiň we sungatyň jemgyýetiň ruhy durmuşyndaky ähmiýeti, ylmyň we innowasiýalaryň geljegi kemala getirmekdäki orny, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi hökmünde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi barada tematik makalalar okyjylara hödürlenilýär.

Žurnalda ýaş alymlaryň gazanýan üstünliklerine, zehinli ýaşlaryň döredijilik taslamalaryna we bäsleşiklere gatnaşmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny bir ýere jemlän we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga ýardam eden «Talyp joşguny – 2026» döredijilik bäsleşigi barada giňişleýin gürrüň berilýär.

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly ýaş nesliň gazanýan üstünlikleri, başlangyçlary we döredijilik güýji baradaky maglumatlary okyjylara ýetirip, möhüm maglumat – ruhy aň-bilim çeşmesi hökmünde öz işini dowam etdirýär.

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sanyny okaň! Ol geljegi döredýän ýaşlar baradaky ylham çeşmesi, täze pikirleriň we gyzykly wakalaryň toplumydyr!

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow