Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
Jemgyýet
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
Çap edildi 05.08.2026
2167

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň hem-de BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li milli «te­ge­lek stol» mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu iri çä­rä Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mej­li­siň, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, ugur­daş eda­ra­la­ryň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, hal­ka­ra guramalaryň, şol san­da BMG-niň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýe­ti saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge, ra­ýat­la­ryň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­li milli “te­ge­lek stol” mas­la­ha­ty hem bu stra­te­gik äh­mi­ýet­li ul­gam­da al­nyp bar­lan köp­ýyl­lyk iş­le­riň je­mi­ni jem­le­mek we tä­ze ugur­la­ry kes­git­le­mek üçin mö­hüm meý­dan­ça­dyr. Hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň gerimli öz­gert­me­ler­de Gahryman Arkadagymyzyň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen ýö­rel­ge­si öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Döw­let de­re­je­sin­de ene­ler we ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da di­ňe bir luk­man­çy­lyk we­zi­pe­si däl-de, eý­sem, uzak möh­let­li dur­nuk­ly ösü­şiň hem mö­hüm şer­ti hök­mün­de ga­ral­ýar.

Ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy, şol san­da Türk­me­nis­tan­da ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça «Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek» at­ly 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin Milli mak­sat­na­ma bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hu­kuk hem-de amaly bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu stra­te­gi­ýa ça­ga luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge, ke­sel­le­ri anyk­la­ma­gyň in­no­wa­sion usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga we maş­ga­la ins­ti­tu­ty­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz bo­ýun­ça ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýaş ne­sil­ler ba­ra­da edil­ýän ala­da­nyň ne­ti­je­si­dir. Paý­tag­ty­myz­da, Arkadag şä­he­rin­de, äh­li we­la­ýat­lar­da gur­lan enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça mer­kez­ler ýo­ka­ry stan­dart­la­ra la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny amala aşyr­ýar.

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ul­ga­myn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Gaz­na çyl­şy­rym­ly dur­muş ýag­da­ýy­na dü­şen we ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk be­jer­gi­si­ni al­ma­ga mä­täç­lik çek­ýän ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek­de ha­ýyr-sa­ha­wat işi­ni alyp bar­ýar. Onuň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ýüz­ler­çe ça­ga öň­de­ba­ry­jy has­sa­ha­na­lar­da çyl­şy­rym­ly luk­man­çy­lyk ope­ra­si­ýa­la­ry amala aşy­ryl­dy. Gaz­na­nyň bu asyl­ly işi ça­ga­la­ra jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­na do­ly de­re­je­de go­şu­lyş­ma­ga, ola­ryň ene-ata­la­ry­na bol­sa er­tir­ki gü­ne ynam bi­len ga­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu dü­zü­miň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na has­sa­ha­na­la­ryň we ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ryň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, “Tiz kö­mek” aw­tou­lag­la­ry, ze­rur luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­ýär.

BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy (ÝU­NI­SEF) bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň mö­hüm bö­le­gi­dir. Bu hyz­mat­daş­lyk stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lup, tä­ze dog­lan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ir­ki ösü­şi­ni gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len maksatnamalaryň giň top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we ÝU­NI­SEF-niň bi­le­lik­dä­ki iş meýilnamalarynyň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my im­mu­ni­za­si­ýa, ça­ga­la­ry dog­ry iý­mit­len­dir­mek stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça maksatnamalar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu dü­züm ýur­du­my­zyň ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki taslamalar ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ul­ga­myn­da milli ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mä­ge, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň hem-de pe­da­gog­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy bi­len BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy milli dur­muş go­rag­ly­ly­gy ul­ga­my­nyň ösü­şin­de hil taý­dan tä­ze tap­gyr bol­dy. Res­mi taý­dan ber­ki­di­len bu stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gaz­na­nyň yn­san­per­wer işi­ni we ÝU­NI­SEF-niň köp­ýyl­lyk dün­ýä tej­ri­be­si­ni bir­leş­dir­ýär. Bi­le­lik­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, ça­ga­la­ryň ke­sel­le­ri­ni ir­ki anyk­la­ýyş stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, inkl­ýu­ziw bi­lim maksatnamalaryny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­ýär, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler al­şyl­ýar we ýur­du­myz­da her bir ça­ga­nyň hu­ku­gy­ny go­ra­ma­ga, aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki taslamalar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

...Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Sýaosz­ýun Greýs Wan mas­la­ha­ty açyp, şeý­le äh­mi­ýet­li hal­ka­ra çä­rä­ni ge­çir­mä­ge ber­len gol­daw üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Soň­ra BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li ha­nym Jal­pa Rat­na söz be­ril­di. Ol hem­me­le­ri mä­hir­li mü­bä­rek­läp, di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan milli “te­ge­lek stol” mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gyň ÝU­NI­SEF üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp, we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň adyn­dan ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Soň­ra çy­kyş et­mek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz be­ril­di.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, hem­me­le­re min­net­dar­lyk bil­dir­di we çy­ky­şy­ny BMG-niň res­mi dil­le­ri­niň bi­ri bo­lan iň­lis di­lin­de do­wam et­di. Oguljahan Atabaýewa şu du­şu­şy­gyň ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, hu­su­san-da, ÝU­NI­SEF bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, tu­tuş to­pa­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ni, işi­ne yg­rar­ly­ly­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti bu du­şu­şy­gyň mak­sa­dy­nyň di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti, aý­ra­tyn-da, Türk­me­nis­tan­da bu ba­bat­da ha­bar­ly­ly­gy mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly­dy­gy­ny nyg­tap, hä­zir­ki wagt­da Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň bü­tin­dün­ýä hep­de­li­gi­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi se­bäp­li, ga­za­ny­lan ösü­şe ba­ha ber­mek we gel­jek­ki ädim­le­ri kes­git­le­mek üçin bu müm­kin­çi­lik­den peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ýur­du­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, maş­ga­la dur­mu­şy­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň gerimli iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz et­mek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi döw­le­ti­mi­ziň ça­ga­ny di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek me­se­le­si­ne uly üns ber­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýär. «Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek» di­ýen milli ýö­rel­gä la­ýyk­lyk­da, bu ugur­da giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.

Ça­ga­nyň öm­rü­niň il­kin­ji al­ty aýyn­da ony di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­ýän ene­le­ri gol­da­ma­gy güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça milli çä­re­ler bu ta­gal­la­la­ryň mö­hüm bö­le­gi­dir. Ene süý­di bi­len iý­mit­len­di­ril­ýän ça­ga be­den we ru­hy taý­dan he­mi­şe ene­si­ne ýa­kyn bag­la­ny­şyk­da bol­ýar. Ol ene­si­niň ýü­rek ur­şu­ny, mä­hir­li se­si­ni eşid­ýär, el­le­ri­niň ýy­ly­sy­ny duý­ýar we ene­lik söý­gü­si bi­len gur­şal­ýar. Şeý­le ýa­kyn­lyk ça­ga­nyň nerw, en­dok­rin ul­gam­la­ry­nyň ýa­şy­na la­ýyk­lyk­da dog­ry ös­me­gi­ne, äh­li be­den ag­za­la­ry­nyň ka­da­ly ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

«Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi ta­lap ed­ýän öz­bo­luş­ly pro­ses­dir. Bu ýer­de biz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň aý­ra­tyn or­nu­ny nygtamalydyrys. Ze­nan­lar göw­re­li wag­tyn­da, do­gum we do­gum­dan soň­ky dö­wür­de yzy­gi­der­li, ýo­ka­ry hil­li mas­la­hat­la­ry, amaly kö­me­gi al­ma­ly­dyr­lar. Il­kin­ji sag­ly­gy go­ra­ýyş-sa­ni­ta­ri­ýa kö­me­gi eda­ra­la­ry ene­le­re kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­mä­ge, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi üs­tün­lik­li ýo­la goý­ma­ga kö­mek et­mek­de esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Şeý­le hem bu ugur­da köp­çü­lik­le­ýin ta­gal­la­lar ze­rur­dyr. Mej­lis, döw­let eda­ra­la­ry, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri, işe­wür­ler, ra­ýat jem­gy­ýe­ti, jem­gy­ýet­çi­lik we ösüş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lar — bu­la­ryň her bi­ri enä­niň ça­ga­ny iý­mit­len­dir­mek ba­ra­da dü­şün­je­li çöz­güt­le­ri ka­bul edip bil­jek we ze­rur gol­da­wy alyp bil­jek gur­şa­wy­ny dö­ret­mek­de öz or­nu­ny eýe­le­ýär. Ha­ky­kat­dan-da, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mä­ge ma­ýa goý­mak mil­le­tiň gel­je­gi­ne ma­ýa goý­mak­dyr. Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ça­ga­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny, iý­mit­len­me­gi­ni we ösü­şi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar, ene­le­riň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, sag­ly­gy go­raý­şa çyk­da­jy­la­ry pe­seld­ýär, has sag­dyn we ön­dü­ri­ji­lik­li jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­ne go­şant goş­ýar» di­ýip, Oguljahan Atabaýewa aýt­dy we di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti ýer­li ene­le­ri çek­mek bi­len, «de­ňe-deň» ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ry gu­ra­ma­gy tek­lip edip, ola­ra ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li şe­pa­gat uýa­la­ry­nyň ýa-da lak­ta­si­ýa bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň sa­pak be­rip bil­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ol bu çe­me­leş­mä­niň kä­bir de­re­je­de eý­ýäm tej­ri­be­de ula­nyl­ýan­dy­gy­ny, ýö­ne mu­ny yzy­gi­der­li esas­da ýur­du­my­zyň her bir kün­je­gin­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň müm­kin­di­gi­ni bel­läp, mu­nuň üçin ta­gal­la et­me­giň ge­rek­di­gi­ni aýt­dy we bu işi do­ly amala aşy­ryp bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da has giň möç­ber­li mag­lu­mat çä­re­si­ni ýo­la goý­ma­gy tek­lip edip, mu­nuň maş­ga­la we jem­gy­ýet de­re­je­sin­de ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­mak­da, ýer­li işe­wür­li­gi em­dir­ýän ene­ler üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge hö­wes­len­dir­mek­de ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. “Şun­da ýe­ne-de berk erk-is­leg we işe yg­rar­ly­lyk ze­rur­dyr. Ge­liň, ça­ga­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da bi­le­lik­de iş­lä­liň, ol bol­sa enä­niň süý­di bi­len baş­lan­ýan­dyr!” di­ýip, Oguljahan Atabaýewa sö­zü­ni jem­le­di.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Sýaosz­ýun Greýs Wan çuň ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Oguljahan Atabaýewa ho­şal­lyk bil­di­rip, gaz­na­nyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer işi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Türk­men ta­ra­py­nyň çy­kyş­la­ryn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, mu­nuň her bir ça­ga­nyň do­ly de­re­je­li iý­mit­len­me­gi­niň, sag­dyn we saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti­di­gi bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­si­ne döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak enä­niň, ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­la­ryň ha­ta­ry­na or­naş­dy­ry­lyp, maş­ga­la­la­ry gol­da­mak hem-de ola­ra ýo­ka­ry hil­li mas­la­hat­la­ry ber­mek üçin luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy do­wam et­di­ril­ýär.

Çy­kyş­lar­da ýur­du­myz­da Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da, hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, maş­ga­la ins­ti­tu­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek me­se­le­le­ri­ne döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Türk­me­nis­tan­da ze­nan­la­ryň we ýaş maş­ga­la­la­ryň ara­syn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek me­se­le­si bo­ýun­ça yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu iş­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na wa­jyp orun de­giş­li­dir.

Çy­kyş­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra, di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ba­ra­da ani­ma­sion şe­kil­ler gör­ke­zil­di. On­da ene süý­dü­niň äh­mi­ýe­ti we peý­da­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di. Soň­ra mas­la­hat mow­zuk­la­ýyn ses­si­ýa­lar bi­len do­wam et­di.

«Türk­me­nis­tan­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek: subutnamalar we sel­jer­me» at­ly ses­si­ýa­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek ul­ga­myn­da ge­çi­ri­len sel­jer­me iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ta­nyş­dy­ryl­dy hem-de maş­ga­la­la­ry gol­da­ma­gy güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe mas­la­hat­lar be­ýan edil­di.

«Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki me­dia tas­la­ma­sy­nyň ne­ti­je­le­ri» at­ly ses­si­ýa­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, ÝU­NI­SEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy, Ze­nan­lar bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de ge­çi­ri­len “Ene süý­di — iň go­wy baş­lan­gyç” çä­re­si­niň ne­ti­je­le­ri­ne üns be­ril­di. Mu­nuň özi ça­ga­ny il­kin­ji al­ty aý­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi ba­ra­da ha­bar­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

«Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek­de gol­daw hyz­mat­la­ry­ny ber­kit­mek» at­ly ses­si­ýa­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan peý­da­la­ry we bu ugur­da okuw maksatnamalarynyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di.

«Ka­nun­çy­lyk we sy­ýa­sat gur­şa­wy» at­ly ses­si­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da: «Maş­ga­la, ene­lik, ata­lyk we ça­ga­lyk döw­le­tiň go­ra­gyn­da dur­ýar» diý­lip bel­le­nil­ýän­di­gi­ne üns çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da ene-ata­nyň, ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýan bir­nä­çe ka­nun­çy­lyk namalarynyň he­re­ket ed­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz et­mek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ka­nu­nyň esa­sy mak­sa­dy ene­le­riň ça­ga­la­ry ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni, onuň enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän oňyn tä­si­ri­ni wa­gyz et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň bir bi­te­wi hu­kuk esa­sy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr.

«In­di­ki ädim­ler» at­ly jem­leý­ji ses­si­ýa­da çy­kyş et­mek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz be­ril­di.

O.Atabaýewa du­şu­şy­gy jem­läp, di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi iler­let­mek üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we bu ugur­da bi­le­lik­de he­re­ket et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, şu mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ne­ti­je­li pi­kir al­şy­lan­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti äh­li milli we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ra iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry, bu me­se­lä üns be­ren­dik­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hem­me­le­ri bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry do­wam et­dir­mä­ge we ça­ga­la­ryň röw­şen gel­je­gi­ne ma­ýa goý­ma­ga ça­gyr­dy.

Şeý­le­lik­de, şu gün­ki mas­la­hat ýur­du­myz­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek me­se­le­si­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň my­sa­ly bol­dy.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow