Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Asylly däplere ygrarlylyk
Jemgyýet
Asylly däplere ygrarlylyk
Çap edildi 01.07.2026
1963

Şu gün Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda welaýatyň gallaçylarynyň zähmet üstünligi we Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, din wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ähmiýetli wakalarynyň hormatyna geçirilen çärede ajaýyp sazlar ýaňlandy. Bagşy-sazandalaryň hoş owazlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspyny ýetirdi. Toý sadakasynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän nurana metjidiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly haýyşlar we teklipler nazarda tutulyp, «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy Diýarymyzda sahawatly işleriň rowaçlanýandygyny, halkymyzyň ýagşy däp-dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Toý sadakasynyň ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylarynyň eýeleýän sepgitleri bilen utgaşmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we möwsüme degişli ähli işgärleriň sazlaşykly zähmeti bilen uly ýeňişleri gazanmak ugrunda edilýän tagallalaryň netijesidir. Çärä gatnaşyjylar öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Tagam dadylandan soňra, din wekilleri toý töwirini okadylar. Onda “Arkadagyň ruhy metjidiniň” ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanýan ýerine öwrülmegi, ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň asylly zähmetiniň üstünliklere beslenmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow