03.03 2026

Geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan dürli çäreler — iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

03.03 2026

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär.

03.03 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

02.03 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

02.03 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we Eýranyň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

02.03 2026

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahat geçirildi. Şanly wakalara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda häzirki döwürde gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi baradaky çykyşlar diňlenildi.

02.03 2026

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

01.03 2026

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitmek ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş maksatlary öz beýanyny tapýar.

01.03 2026

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

28.02 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

1488 sahypa
Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda