Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
Çap edildi 12.06.2026
3523

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Julong Steel Pipe Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan möçberdäki oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Wuхi SP. Steel Tube Manufaсturing Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň jemgyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag we işläp taýýarlamalar çygryna çekmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Maksatnamada hem-de meýilnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow