Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
Jemgyýet
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
Çap edildi 13.06.2026
39

Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy. Täze durmuş, zähmet ýoluna gadam basýan uçurymlar Esasy Kanunymyzyň hormatyna dikeldilen ajaýyp binanyň öňünde dabaraly ýagdaýda wepalylyk kasamyny kabul edip, halal ýaşamaga, zähmet çekmäge, okamaga, döretmäge, Watan goragynda sarsmaz gala bolup durmaga hemişe taýýardyklaryny mälim etdiler.

Esasy dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän heýkeline we hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada nyzama düzülip taýýar boldular. Bu meýdança uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalarynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ajaýyp gün ykbalyny berkarar Watanymyzyň goragyna bagyşlaýan ýaş serkerdeleriň hakydasynda hemişelik galar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlandy.

Durmuşa geçirilýän iri harby özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy häsiýetleri esasynda terbiýelenen harby hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelýändigi bellärliklidir. Harby akademiýada, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işinde innowasion usullar, multimedia enjamlary we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Ylmyň soňky gazananlarynyň hasabyna okuw usulyýetleriniň kämilleşdirilmegi harby bilim alýanlaryň okuwa bolan höwesini has-da artdyrýar. Şunda ýaşlaryň harby-watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, halkymyzyň milli watançylyk däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlarda söweşjeň-ruhy häsiýetleriň ösdürilmegi, olarda ata Watanymyzyň ykbalyna bolan jogapkärçilik duýgusynyň ösdürilmegi hem-de wepaly gulluk etmäge bolan höwesiň artdyrylmagy harby okuwlaryň binýatlaýyn esasyny düzýär.

...Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy. “Bu gün Garaşsyz Diýarymyzyň ýaşyl tugy ýurt goramaga kasam eden edermen, batyr hem-de gaýratly Watan ogullarynyň elinde belentde parlaýar. Bu buýsanç we ynam her bir işde, her bir pursatda sizi üstünliklere ruhlandyrmalydyr, täze belentliklere galkyndyrmalydyr. Çünki siz Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin, Keýmir serdar ýaly şan-şöhratly ata-babalarymyzyň nesillerisiňiz. Olaryň watanperwerlik ýörelgesine ygrarly bolup, ýurt goran gerçeklerimiziň mertlik mekdebini dowam etdirmek siziň üçin mukaddes borç bolmalydyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýaş serkerdeleriň eziz Watanymyzyň demir galasy we polat galkany boljakdyklaryna, il-günümiziň asudalygyny, mukaddes serhetlerimiziň mizemezligini eserdeňlik bilen gorajakdyklaryna, gulluklarynda ýokary netijeleri görkezjekdiklerine, şeýle belent hem-de asylly maksatlar üçin, gerek bolsa, şirin janlaryny-da gaýgyrman, wepaly gulluk etjekdiklerine tüýs ýürekden ynam bildirdi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra dabaraly ýagdaýda uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.

Watan ynsan üçin mukaddeslikleriň naýbaşysydyr. Çünki halkymyzyň dilde sena, başda jyga deňäp togap edýän ähli gymmatlyklary Watanda jemlenendir. Watana gulluk etmek, ömür örküňi baglamak hem-de ykbalyňy onuň hyzmatyna bagyş etmek, keremli topragynyň her daban ýerini gözüň görejine deňäp, wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen goramak belent mertebedir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede baýram edilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüm birliklerinde täze binalar toplumlarynyň ulanmaga berilmegi hem ýurt goraýan edermen gerçeklerimiz hakyndaky aladanyň aýdyň güwäsidir. Diýarymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini pugta berjaý etmek, milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny we döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunyň hökmürowanlygyny dabaralandyrmak ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, şol sanda ýaş serkerdeleriň mukaddes borjudyr. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhedimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde olaryň gadamlarynyň batly, buýsançly başlarynyň belent bolmagyny, jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Dabaraly çäreler Aýratyn hormat garawuly polkunyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Munuň özi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýyp, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän yzygiderli aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabara ýapyk diýlip yglan edilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet kasamy ýerine ýetirildi.

Çärä gatnaşyjylaryň geçen dabaraly harby ýörişi Watan goragyna ykbalyny baglaýan uçurymlaryň her biriniň durmuşynda möhüm ähmiýetli tapgyryň jemlenýändigini alamatlandyrdy. Kasama wepaly, bilimli, ýokary hünärli, edermen, saýlap alan hünärine wepaly harby gullukçylar milli goşunymyzyň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin-de olara ata Watanymyzy goramak ynanylýar.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow