Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mejlisiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
Jemgyýet
Mejlisiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
Çap edildi 03.03.2026
1259

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň has-da berkidilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler.

Türkmenistanda hereket edýän saýlaw kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň dowamynda milli parlamentiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, hünär we guramaçylyk ukyplary, saýlawlardaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Olaryň esasy maksady Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky maksatnamalaryň wezipelerini anyk beýan edip, dalaşgärler saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna jogap berýärler. Dalaşgärler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda öz bilimlerini, ukyplaryny, tejribelerini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar. Milli parlamentde we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmek üçin halkyň arasynda uly hormata, ynama eýe bolan mynasyp adamlaryň dalaşgär hökmünde hödürlenilendigini bellemek gerek.

Ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Saýlawlara taýýarlyk işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawçylaryň hukuklary, saýlawlara taýýarlyk işleri barada ýörite gepleşikler ýaýlyma berilýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýörite saýtynda saýlawlar bilen bagly täze maglumatlar ýerleşdirilýär.

Bu saýlawlar demokratiýany çuňlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň we halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda ynamly öňe barýan ýurdumyzda raýatlaryň milli jebislik düşünjesini täze derejä çykarmaga itergi berjek aýratyn ähmiýetli waka bolar.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow