Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 02.03.2026
39

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk işinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we häkime welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işer dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda soganyň, kelemiň ekişine girişildi. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime bugdaýa ideg etmek hem-de ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizlemek we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny we ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.03
Ene mukaddesligine sarpa
02.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy
01.03
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
01.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow