“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Samarkantda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün bu ýerde geçirilýän “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara foruma gatnaşdy. “Silk Road Samarkand” toplumynyň Kongres merkezinde guralýan iki günlük forum ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri babatda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.
Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary — BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Anaklaudiýa Rosbah we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Tatýana Molçan, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Ibragim Tiau, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Kiriakos Kakuris we beýlekiler bar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ählumumy derejede howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bagyşlanan halkara klimat forumyna gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, ekologik abadançylygy üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde tutuş adamzat üçin derwaýys bolan klimat meselelerini çözmek boýunça dialogy pugtalandyrmagyň, munuň üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.
Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi görkezildi. Onda abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy seredilýän meseläniň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn nygtap, häzirki zaman dünýäsiniň umumy ekologik meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen klimat forumynyň işine üstünlikleri arzuw etdi. Soňra forumyň belent mertebeli myhmanlaryna söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda biziň esasy wezipämiz hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdyr. Umuman, biz howa gün tertibiniň meseleleri babatda Ýewropa Bileleşigini geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna bilelikde ygrarlylyk şeýle hyzmatdaşlyga esas bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz şunda iň möhüm meseläniň kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde Türkmenistan bu ugurda köp işleri amala aşyrdy. 2023-nji ýylda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça topar döredildi. Şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Hökümet howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň “Ýol kartasyny” kabul etdi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa meýilnamada bellenen derejeden ýokarydyr.
Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bu başlangyçlar hemmelere mälim bolup, sebit we ählumumy häsiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek maksatnamasyny taýýarlamagy görkezmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň olary durmuşa ornaşdyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň goldawyna bil baglaýandygyny aýtdy.
ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary energetika, senagat, ulag, ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş üpjünçiligi bilen bagly beýleki wajyp ugurlarynda «ýaşyl» geçişi öz içine alýar. Ýewropa Bileleşigini bu babatda bilelikde düýpli we uzak möhletleýin işlemäge çagyrýarys. «Ýaşyl» geçiş boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegi teklip edip, ony sammitimiziň aýratyn iş ugry hökmünde görkezmegi hem-de ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Möhüm meseleler barada aýdanymyzda, suw meselesini aýratyn belläp geçmek isleýärin. Bu mesele biziň sebitimiz üçin derwaýys ähmiýete eýedir hem-de bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň tehnologik we usulyýet taýdan ýardam bermegi bar bolan kynçylyklary çözmekde oňyn täsir edip bilerdi. Suw syýasaty meselesinde Türkmenistanyň garaýşy mälimdir. Bu meseleleri çözmekde üç esasy ýörelgeden ugur almaly: olar halkara hukugy berjaý etmek; özara bähbitleri hasaba almak; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagydyr. Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ösüşi we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça BMG-niň Sebit geňeşini döretmek baradaky başlangyja seretmegi teklip etdi diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Sebitde ekologik, durmuş-ykdysady we ynsanperwer abadançylygyň esasy meseleleriniň biri-de Araly halas etmekdir. Türkmenistan bu meseläniň halkara derejede has anyk we maksada gönükdirilip ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam bermek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna bil baglaýar. Bu resminamalaryň doly durmuşa geçirilmegi üçin bilelikde tutanýerli işlemegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe, myhmansöýerligi hem-de mähirli garşy alandyklary üçin doganlyk Özbegistanyň halkyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Ertir forum öz işini “Ýaşyl” ykdysadyýet durnukly ösüşe barýan ýoldur”; “Merkezi Aziýanyň biologik köpdürlüligini we tebigy ekoulgamlaryny aýawly saklap galmak klimat wehimlerine jogapdyr”; “Arassa energetika — durnukly we ekologik ösüşiň esasy”; “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak”; “Ýaşlar geljege ynamly garaýar”; “Durnukly şäherler we howa meseleleri: toplumlaýyn meýilleşdiriş we dolandyryş”; “Ylmy çemeleşmeler we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň innowasion çözgütleri: ählumumy wehimler we ýerli strategiýalar” atly bölümçelerde dowam eder.
Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.