Mähriban Watanymyzyň ýaş bagşy-sazanda ýigitleri we gyzlary!
Gadyrly ýaşlar!
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär, eziz Watanymyzda bagtyýar halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ähli ulgamlarda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilip, Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak üçin häzirki wagtda bagtyýar watandaşlarymyz ähli ulgamlarda halal we netijeli zähmet çekýärler.
Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Medeniýet ulgamynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, jemgyýetimizde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, täze medeni maksatly binalary gurmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek babatda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli bagşyçylyk sungatyny kämilleşdirmäge, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, il içinden sungata höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem geljekde aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmäge ukyply nesilleri ýüze çykarmakda, olary höweslendirmekde özboluşly ähmiýete eýedir.
Mähriban bagşy-sazandalarymyz!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Halk arasynda «Bagşyly halk — bagtly halk» diýilýär. Hemme döwürlerde bagşy hoş habaryň buşlukçysy, şatlygyň hem parahat durmuşyň jarçysy hökmünde görlüpdir» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Aýdym-saz sungaty halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biridir. Türkmen halky ençeme asyrlaryň dowamynda aýdym-sazy özüniň ruhy syrdaşyna öwrüp geldi. Dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan dörän şirin aýdym-sazlar nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, il içinde tutulýan toýlaryň şatlyk-şowhunyny artdyrmakda örän ähmiýetli bolupdyr. Hut şoňa görä-de, ata-babalarymyz aýdym-sazyň ynsan kalbyna täsir edýän joşgunly güýje eýedigine ynanypdyrlar, bagşyçylyk sungatyny toýlarynyň bezegine öwrüpdirler. Dutarda ýaňlanýan mukamlar halkyň kalbyna ganat bekledipdir, Watan, il-gün üçin beýik işlere ruhlandyrypdyr.
Hakdan berlen tebigy zehini, ussatlygy bilen il arasynda meşhur bolan halypa bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary halkyň hakydasynda baky orun aldy. Kel bagşy, Hally bagşy, Muhy bagşy, Ablyesen bagşy, Gurban bagşy, Garly bagşy, Pälwan bagşy, Palta bagşy, Bazar bagşy, Hydyr bagşy, Girman bagşy, Oraz salyr, Nazar baga, Nursähet Halsähet, Ýazmuhammet Köse, Hanmämmet gyjakçy, Öre şyh, Baky Maşakow, Şamyrat Gurbannepesow, Juma Wellekow, Gurt Ýakubow, Annageldi Jülgäýew, Saryhan Sapaýew ýaly meşhur ussatlarymyzdan miras galan aýdym-sazlar ýaş bagşy-sazandalarymyz üçin nusgalyk mekdep boldy.
Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!
Siz ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanyp, geljekde-de özüňiziň sungata söýgiňiz bilen türkmen bagşyçylyk sungatyny has-da kämilleşdirmek üçin döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Türkmen dutarynyň hem-de gyjagynyň joşgunly owazynyň dünýäde belent ýaňlanmagy ugrunda juwan kalbyňyzda ylhamyňyz, zehiniňiz hemişe gaýnap durmalydyr.
Siziň ähliňizi ýurdumyzda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size jan saglygyny, türkmen bagşyçylyk we sazçylyk sungatyny täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.