Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 17.08.2025
91

Iýul aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen maslahatlar, duşuşyklardyr gepleşikler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

1-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky nigerlileriň işleri boýunça ministri Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

2-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Geňeşiniň 145-nji we 146-njy mejlislerine gatnaşdy. Mejlisleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BGG-niň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkezi «Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezi» diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Bu çözgüt gurama agza döwletleriň 186-sy tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Saparyň çäklerinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Ýan Sanders bilen duşuşyk geçirilip, onda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtlardaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temon hem-de Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdulaý Diop bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji iýulda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Azerbaýjanda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşygy geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine üns çekildi. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, ulag pudaklarynda, söwda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

4-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy. Sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw, deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança boldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

4-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Polşa Respublikasynyň Seýminiň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Hökümetara, parlamentara we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda Türkmenistanda hem-de Polşada sergileri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudu bilen geçirilen duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça netijeli ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

7-nji iýulda Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, halkara meýdançalardaky özara hereketleriň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň dostlukly ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatyny gowşurmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekildi.

7-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyk bar bolan sebitleýin parahatçylyk zolaklaryny ösdürmäge we täzelerini döretmäge, olaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwletler bilen sebitleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara ynamy pugtalandyrmaga gönükdirildi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ÝB bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Belarus Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Burundi Respublikasynyň, Çad Respublikasynyň, Günorta Sudan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýändigi bellenildi.

14-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Hua bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna, hususan-da, onuň çäklerindäki Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy.

14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň, Ruanda Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Botswana Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna, BMG-niň Awaza forumyna taýýarlyk işlerine üns çekildi.

16-njy iýulda Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň bu dostlukly ýurduň General-gubernatory hanym Sindi Kiro ynanç hatyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem türkmen diplomatynyň Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Ýewropa departamentiniň we protokol bölüminiň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.

16-17-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew, Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa, Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşyklary geçirildi.

17-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen geçirilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine üns berildi.

19-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ugurlaryň giň toplumy boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhüm ähmiýetini bellediler.

23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen San Marinonyň daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

31-nji iýulda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen bagly meselelere üns çekildi.

Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Mundan başga-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirildi.

Şeýlelikde, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan möhüm ähmiýetli duşuşyklardyr gepleşikler ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli syýasaty netijesinde, ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine ösüşiň täze sepgitlerine ýetmek ugrunda köpugurly işiniň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
17.08
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
15.08
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
13.08
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»
13.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
12.08
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
top-arrow