Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
Jemgyýet
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
Çap edildi 19.08.2025
120

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.

Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen öňe barýandygyny, dünýä derejesinde abraýynyň barha belende göterilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny nygtadylar. Bu gazanylanlary wagyz-nesihat etmekde uly durmuş tejribesi bolan ýaşulular halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda degişli işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işiniň wajypdygy bellenildi. Bu babatda döredilen mümkinçilikler we özlerine bildirilýän uly ynam üçin ýaşulular Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşulularyň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Ýaşululara hormat goýmak pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm kararlar işlenip düzülýär hem-de kabul edilýär. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýäde wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleriniň milli ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolup, howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýýardyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap alýandyklary bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek hem nobatdaky maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we ýaşululardan teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşululary agzalyga hödürlemek boýunça degişli işleriň geçirilendigi, olaryň ýokary şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada aýtdylar.

Hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew hödürlenildi. Ol ýaşlary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna çekmekde, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde ýaşulularyň baý durmuş tejribesini peýdalanmak babatda döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew hödürlenildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginiň netijesinde ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, munuň bolsa halkymyzy çäksiz buýsandyrýandygyny nygtady. Ol şulary giňden wagyz etmegiň we halk arasynda düşündiriş işlerini alyp barmagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny belläp, öňde durýan wezipeleri abraý bilen berjaý etmek ugrunda yhlasyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Şeýle hem maslahatda Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýew hödürlenildi. Ol türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň durnukly ösmegi ugrunda giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge öz mynasyp goşandyny goşmak üçin bilimini, tejribesini gaýgyrmajakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlanyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesilleri watansöýüjilik we zähmetsöýerlik esasynda terbiýelemek, milli ýörelgeleri wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
19.08
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
19.08
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
18.08
Hususy pudagyň forumynyň netijeleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
18.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Çagalaryň saglygyny goramak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
15.08
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň tagallalaryny birleşdirýär
top-arrow