Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil biliminiň meseleleri, edebiýaty öwreniş, taryh ylymlary boýunça täze açyşlaryň hem-de barlaglaryň netijeleri barada makalalar toplumyny okyjylara ýetirmegi dowam edýär.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.
Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” bölüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorynyň “Halyl ibn Aýbegiň döredijiliginde şahyranalyk we edebi däpler” atly makalasy bar. Onda edebiýaty döreden her bir halkyň daşarky medeni täsirlere (dini, dil we däp-dessur) garamazdan, oňa öz möhürini goýýandygy bellenilýär. Halk döredijiliginiň iň gowy nusgalary, beýik söz ussatlarynyň parasatly pikirleridir baý ylmy-edebi mirasy nesilden-nesle geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä edebiýatyna we ylmyna uly goşant goşan ata-babalarymyzyň durmuş ýoluny öwrenmek ylmy jemgyýetçiligiň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şeýle görnükli şahsyýetleriň biri-de Aýbek Safady bolup, ol Memluk Türkmen döwletinde ýaşapdyr hem-de döwlet işgäri, dini ylymlaryň ussady, hakdan içen şahyr we ýazyjy hökmünde tanalypdyr. Memluklar döwrüniň medeni-durmuş şertlerini, arap edebiýatynyň ösüşini şöhlelendirýän Safadynyň edebi eserleriniň taryhy öwrenmekde ähmiýeti uly bolup, olar öz döwrüniň gymmatly maglumat çeşmesidir. Özünden öň ýaşap geçenleriň edebi däplerine eýermek bilen, Safady birnäçe täzelikleri hem girizipdir. Beýan edilýän şahsyýetleriň derejesine, ýaşan döwrüne we ýaşyna garamazdan, olaryň atlaryny elipbiý tertibinde getirmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäriniň “Abdyrahman Jamy we onuň edebi döredijiliginiň aýratynlyklary” atly makalasynda ynsanperwerligiň Gündogaryň beýik söz ussatlarynyň edebi mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy ýörelgedigi bellenilýär. Bu ýörelge adamlaryň bagtyýar, dostlukly, abadan durmuşa, birek-birege kömek etmäge we ruhy bitewülige ymtylmalary arkaly beýan edilýär. Şu nukdaýnazardan, Saady Şirazy, Nyzamy, Abdyrahman Jamy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetleriň atlary nygtalmaga mynasypdyr. Olar öz döredijiligini adam mertebesini belende götermäge, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmaga bagyşlapdyrlar. Halklaryň arasyndaky hut şeýle gatnaşyklar edebiýatda many-mazmun taýdan meňzeşlige hem-de düýbünden täze edebi ugurlaryň döremegine getiripdir.
Makalada Gündogar nusgawy edebiýatynyň görnükli söz ussady, pars-täjik edebiýatynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Abdyrahman Jamynyň ylym ulgamynda bitiren hyzmatlaryna üns çekilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynda belleýşi ýaly, alym türkmen halkynyň meşhur söz ussatlary hakynda ygtybarly maglumatlary beýan edýän eserleri ýazypdyr. Horasanda doglan Jamy ýazyjy, filosof, saz öwreniji alym, döwlet işgäri, ussat halypa, suratkeş hem-de hatdat hökmünde hem bellidir.
“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölümi “Türkmen halk aýdymlarynda bagşy sanamalary” atly makala bilen açylýar. Makalada nygtalyşy ýaly, halk döredijilik eserleri nesilleriň paýhasy we zehini bilen baýlaşyp hem-de taplanyp, milli ruhy mirasyň kämil görnüşleridir gymmatlyklaryny — özüňi alyp barmagyň edebi nusgasyny, däp-dessurlary, adatlary, pederleriň durmuş tejribesini, terbiýe mekdebini, halkymyzyň baý döredijilik dünýäsini özünde jemleýär. Şeýle eserleriň hatarynda aýdym gündelik durmuşda ýygy duş gelýän žanrlaryň biri bolup durýar. Şunda makalada bagşylaryň halk dessanlaryndan we eposlardan saýlap alan aýdymlaryna, awtorlary näbelli bolan sazsyz aýdymlara aýratyn üns çekilýär. Ýatdan aýdylýan halk döredijiliginiň aýdym žanry ilkibaşda zehinli we şahyrana ukyply adamlar tarapyndan döredilipdir. Dilden-dile geçirilip, barha kämilleşdirilen bu eserler il içinde dutarda ýerine ýetirilýän saz bilen aýdyma öwrülipdir. Dessanlardyr eposlary gürrüň berijiler “dessançylar” diýlip atlandyrylypdyr. Olardan tapawutlylykda, tirmeçi bagşylar diňe saýlanan aýdymlary hem-de nusgawy şahyrlaryň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetiripdirler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda bagşyçylygyň ýerine ýetirijilik sungatynyň köpdürlüligi barada bellenilýär. Türkmenler bagşyçylygyň ahal, damana, salyr-saryk, ärsary, ýomut-gökleň we çowdur ýollarynyň däp bolan aýdyş usullaryny saklap galypdyrlar.
“Kutbeddin Gözli ata” atly makalanyň awtory XIII asyrda Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde görnükli şahsyýetiň, Maňgyşlagyň welisi, ata türkmenlerinden bolan sopy şahyr Gul Gedaýy — Gözli atanyň ýaşap geçendigini nygtaýar. Bu meşhur şahsyýet Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi mekdebiniň Hazarýaka şahasynyň döremeginde nusgalyk yz galdyrypdyr. Onuň şägirtleriniň we döwürdeşleriniň hatarynda Balkanda XVI asyrda ýaşap geçen Yhsan Şyhy — Dana atany, XVII-XVIII asyrlarda ýaşan Şir Kebiri, Kuraýşy lakamy bilen tanalan Nedir şahyry, Orazmämmet Sopy Kazyny, Misgini tahallusy bilen tanalan Mämmettäç şahyry, Magtymguly Pyragyny, Durdy şyhy, XIX asyrda ýaşan Talybyny, Misgingylyjy görkezmek bolar.
Okyjylaryň dykgatyna “Türkmen alymlary Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldýärler” atly makala hem hödürlenilýär. Onda şu ýylyň 14-nji maýy — 14-nji iýuny aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolan türkmen alymlarynyň alyp baran işleri barada maglumat berilýär. Olar “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Ýewropa Bileleşigi bilen ylmy hyzmatdaşlygy” ady bilen tanyşdyrylyş maslahatyny guradylar, Berlin döwlet kitaphanasynda gadymy türkmen, arap we pars dillerindäki golýazmalary öwrendiler hem-de türki dilli ýurtlaryň “Türkileriň dünýä ylmyna we medeniýetine goşandy” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen alymlary Leýpsig, Frankfurt şäherleriniň ylmy kitaphanalarynda bolup, medeni we ylmy gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny bu kitaphanalara sowgat berdiler.
Neşir «Ylmy we medeni-durmuş wakalaryna syn» bölümi bilen jemlenýär. Onda Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmegiň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler senenamalaýyn tertipde öz beýanyny tapýar. Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnalyň häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelendigini bellemek gerek. Her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnaly giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.