Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
Çap edildi 18.02.2025
2908

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz R.Minnihanowa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda guralan halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diniň, diliň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar. Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga ygrarlydygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyza ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow