Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 09.10.2024
239

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we ýurdumyzyň barha beýgelýän halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň durmuş ugurly syýasatyňyz esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Siziň baştutanlygyňyzda milli saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň täze derejesine çykarylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ilerletmek üçin zerur şertler döredilýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşyňyzda: “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip bellemegiňiz ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Siziň häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy, ýakyn geljekde Mary, Balkan, Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagyň göz öňünde tutulýandygy hakynda aýdanlaryňyz ildeşlerimiziň arasynda gyzgyn goldaw tapdy. Bu baýramçylyk günlerinde bolsa Siziň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça degişli resminamalara gol çekmegiňiz halkymyzy has-da buýsandyrdy.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip belleýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Siz täze taryhy döwrümizde raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde saglygyny berkitmegi we dikeltmegi, oňaýly dynç almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýärsiňiz. Halkymyzyň saglygyny berkitmekde şypahana-dynç alyş düzümlerine möhüm orun degişlidir. Olarda mähriban topragymyzyň tebigy täsiri, mineral suwlar, bejeriş ähmiýetli palçyklar arkaly keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, ilatyň giň gatlagyny bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar. Ýurdumyz olar bilen bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
05.11
Durmuşyň ähli ulgamlaryny özgertmek — döwlet syýasatynyň baş maksady
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
04.11
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy
04.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 557 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler
03.11
Elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
top-arrow