Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
Medeniýet
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
Çap edildi 18.07.2024
1249

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin niýetlenendir.

Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda milli medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işleri alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Halkara ylmy jemgyýetçiligiň Diýarymyzyň taryhy-medeni mirasynyň obýektlerine gyzyklanmasy barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde gol çeken “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bu ugurdaky anyk işleriň biridir. Kabul edilen Maksatnamanyň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almak we pasportlaşdyrmak, olary Döwlet reýestrine girizmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, hususan-da, häzirki wagtda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigi barada hasabat berildi. Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki çäginde täsin käriziň üstünden baryldy. Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem bu mesele giňden beýan edilýär. Bu ajaýyp eserden ruhlanyp, türkmen hünärmenleridir alymlary degişli işlere girişdiler.

Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň alymlaryny, hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň gadymyýeti”, “Köneürgenjiň arhitektura mirasy”, “Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri”, “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitaplar, “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde neşir edildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda 1505-den gowrak taryhy we medeni desga döwlet tarapyndan hasaba alyndy. Şolaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, “Togalak — 1” ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda gol çeken “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň maddalarynyň talaplaryny hasaba almak esasynda düzüldi. Bu sanaw taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň geografik ýagdaýy, hukuk statusy, mukdar we hil häsiýetnamalary, olara baha bermek hakynda täzelenýän maglumatlardan we resminamalardan durýan, maglumat gaznasyny öz içine alýan döwlet maglumat ulgamydyr. Reýestrde saklanýan maglumatlar döwlet ýer kadastry döredilende we ýöredilende, şähergurluşyk resminamasy, bu maglumaty ulanýan beýleki maglumat ulgamlary işlenilip düzülende, milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri, olaryň çäkleri, gorag zolaklary hakyndaky esasy maglumat çeşmeleridir. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri — bu medeni gymmatlyklaryň jemi bolup, türkmen halkynyň taryhy, arheologik, arhitektura we beýleki nukdaýnazardan, olara Türkmenistanyň medeni mirasy, ýurduň taryhy, medeniýeti üçin aýratyn ähmiýetli, hem-de beýleki döwletlere bermek hukugy bolmazdan, Türkmenistanyň milli medeni mirasy bolan taryhy-medeni ähmiýetli obýektler degişlidir.

Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmaga, aýap saklamaga, peýdalanmaga, wagyz etmäge, döwlet goragyny üpjün etmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, maddy-enjamlaýyn we döwlet tarapyndan görülýän beýleki çäreleriň ulgamy bolup durýar. Taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak häzirki wagtda peýdalanmak üçin konserwasiýany, abatlamagy, rejelemegi, ulanmaga ýaramly görnüşe getirmegi öz içine alýan çäreleri, şeýle hem olar bilen baglanyşykly ylmy-gözleg, taslama we önümçilik işlerini öz içine alýar.

Döwlet reýestri tablisa görnüşinde taýýarlanyp, onuň düzümi obýektiň doly adyndan, senenamasyndan, görnüşinden we derejesinden (arheologiýa, arhitektura, taryhy), ähmiýetinden (ýerli, döwlet ýa-da halkara), gysgaça beýanyndan, ýerleşýän ýerinden, ýadygärligiň hasaba alyş belgisinden ybaratdyr. Bu sanawa girizilen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplarynyň çäklerinde ýerleşişine laýyklykda, elipbiý tertibinde görkezilýär. “Obýektleriň ady” bölüminde ýadygärlikleriň ady ylmy edebiýatda beýan edilen resmi atlandyrylyşyna laýyklykda görkezilendir. Ýaýyň içinde ýadygärligiň ilatyň arasynda ulanylýan beýleki atlandyrylyşy hem (bar bolan halatynda) ýerleşdirildi. Obýektleriň senesi geçirilen arheologik, binagärlik we epigrafik barlaglaryň netijeleriniň esasynda kesgitlenildi. Ol (eger-de arhitektura ýadygärligi bolsa) obýektiň gurlan, dikeldilen ýa-da düýpli abatlanan wagtyny (eger-de oturymly ýeriň arheologik galyndylary bolsa), şol ýerde ýaşaýşyň dowam eden döwrüni özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleri milli mirasyň täze obýektlerini ýüze çykarmak we hasaba almak, obýektleriň geografik ýerleşişini, olaryň goralýan zolaklarynyň eýeleýän çägini takyklamak boýunça işleri dowam etdirýärler. Bu görkezijiler reýestriň indiki neşirlerinde öz beýanyny tapar. Olar “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň ýygyndysy” atly köp jiltli kitaby döretmek üçin möhümdir.

Şeýlelikde, döwlet dilinde çap edilen neşir anyk maglumat beriş, ylmy-aňyýet häsiýetine eýedir hem-de ynsanperwer ylymlar bilen meşgullanýan alymlar, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärler üçin gollanma bolup hyzmat eder. Reýestr Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap ediş usulynda neşir edilip, ussat fotosuratçylaryň işleri bilen bezelendir.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow