Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: ýapylyş dabarasy
Medeniýet
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: ýapylyş dabarasy
Çap edildi 27.06.2024
1145

Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy.

Sungat baýramçylygynyň çäreleri özüne çekijiligi we mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri guraldy. Şygryýetiň, halk döredijiliginiň muşdaklary edebiýat agşamlaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeniýet, sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşdylar. Köp sanly ýaşlar hem öz zehinini görkezdi. Sahna ussatlary bu waka mynasybetli döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Şu günlerde geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, iş maslahatlarynda, «tegelek stol» duşuşyklarynda, brifinglerde taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli žanrlaryny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek hem-de şunda sanly tehnologiýalary ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni forumyň jemleýji güni Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çäre akyldar şahyra uly hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň şygyrlarynda öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer garaýyşlary beýan eden söz ussadynyň hormatyna döredilen baýramçylyk bilen utgaşmagy bellenilmäge mynasypdyr. Dana Pyragynyň baý edebi mirasy, daglaryň depesinden akýan çeşme suwy ýaly arassa şahyrana setirleri döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin ylham çeşmesine, görelde mekdebine öwrüldi.

Gündogaryň görnükli akyldary Magtymgulynyň ajaýyp heýkeli tebigy belentlikde guruldy. Ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrdy. Onuň goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak, onuň ýadygärligini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda söz ussadynyň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi.

...Ýadygärligiň binýadynyň öňüni dolduryp duran gül çemenleri halkymyzyň ynsanperwer şahyra bolan söýgüsiniň, çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat işgärlerine hem-de ähli türkmen halkyna iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini belleýär. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär. Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşa zalynda geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti guralyp, teatryň artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen “Sungatyň mekany” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasyny açdy. Ýurdumyzyň meşhur artistleriniň ýerine ýetirmeginde ruhubelent aýdymlar ýaňlandy. Şeýle hem halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeniýetiniň öwrenilmegini, maddy we ruhy mirasynyň wagyz edilmegini, häzirki zaman sungatynyň ösmegini, giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegini şertlendirýän dost-doganlyk syýasaty üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallygyň beýany bolan “Ýaşa, Arkadag, Gahryman Serdarymyz!”, “Arkadag şäheri”, “Arkadagym, Arkadagly Serdarym” atly aýdymlar ýerine ýetirildi.

Dabara artistleriň, meşhur tans toparlarynyň türkmen halk dessanlary esasynda döreden folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Şolaryň hatarynda “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Geler sallana”, “Zöhre-Tahyr” dessanyndan “Duran ýerlere”, “Saýatly-Hemra” dessanyndan “Nä tilär menden” atly kompozisiýalar bar. Tomaşaçylar uly bolmadyk täsirli sahna eseri görnüşindäki ajaýyp çykyşlara, joşgunly tanslara tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Olarda halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.

Asylly däbe görä, sungat ussatlary öz hünär baýramy mynasybetli täze, ajaýyp çykyşlary taýýarlapdyrlar. Ýaş ýerine ýetirijileriň — döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlary, gadymy aýdym-sazlar häzirki döwrümiziň okgunly estrada aýdymlary, nusgawy tans çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşyp, bir bitewi ruhy joşguny emele getirdi. Beýik şahyra bagyşlanyp döredilen “Magtymguludyr”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly çykyşlar baýramçylyk dabarasynyň bezegi boldy. Söz ussadynyň edebi mirasy häzirki we geljek nesiller üçin hiç haçan gymmatyny ýitirmejek ruhy-ahlak görkezijisidir hem-de dünýä halklarynyň çeperçilik gymmatlygydyr. “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetiren “Laçyn” folklor toparyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Halkymyzyň jebisliginiň, döredijilik ylhamynyň dabaralanmasy bolan bu tans döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygynyň özboluşly nyşanydyr. Halkymyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryny, asyrlara uzaýan däplerini şöhlelendirýän köpöwüşginli milli lybaslar «Näzli», «Ahal öwüşginleri», «Serpaý» tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna aýratyn bezeg berdi. Görkezilen sahnalar bilen utgaşan wideoşekiller döredijilik çykyşlaryna ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Döredijilik çäresi aýdymçylaryň we ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde “Gülle sen, sungatym, gül Diýarymda!” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Ol ähli ildeşlerimizde eziz Watanymyza buýsanç duýgusyny döredýän ajaýyp owaza öwrüldi. Ekranlarda häzirki döwrümiziň döredijilik üstünliklerini, milli sungatymyzyň wekilleriniň ýeňişlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzy jebisleşdirýän, täze zähmet ýeňişlerine, döredijilik sepgitlerine ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüniň özboluşly senasyna öwrüldi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, döredijilik işi bilen meşgullanmak we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýurdumyzda döredilen hemmetaraplaýyn şertler hem-de forumy ýokary derejede geçirmäge döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk beýan edilýär.

Baýramçylyk güni «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky türkmeniň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan döredijilik agşamy bilen tamamlandy. Bu künjek medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň guralýan ýerine öwrüldi. Şu gün bu ýere türkmen ýazyjylary, teatr artistleri, medeniýet, sungat işgärleri hem-de görnükli akyldar şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Sungaty we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijiler beýik şahyryň çeper beýan etmegiň halka ýakyn görnüşlerini ulanmak, öz döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini öňe sürmek arkaly şygryýet dünýäsini baýlaşdyryp, döredijilik äleminde täze sahypany açandygyny bellediler. Dana Pyragy öz şygyrlaryny türkmen diliniň özboluşly tebigy gurluşyna mahsus, halkyň gepleşik diline ýakyn düzüpdir. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhuna, çeperçiligine çuňňur aralaşýar. Şonuň üçin-de bu eserler halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyp, hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy bolup ýaňlandy, olar gadymdan bäri türkmenleriň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrüldi.

Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Bu eserler nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow