Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Medeniýet
Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Çap edildi 22.06.2024
1059

Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Ol döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini artdyrmaga itergi berýär. Bu döredijilik baýramy şanly waka hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri Medeniýet hepdeligini nobatma-nobat kabul etmek bilen, Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini, döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.

Hepdeligiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Medeniýet hepdeligi Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde geçirilýär. Bu “akylly” şäheriň durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylandyr. Onda ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, binalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerinden peýdalanyldy. Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň many-mazmuny watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden, olary şöhratly taryhymyzy, medeniýetimizi öwrenmäge höweslendirmekden ybaratdyr. Hut şu wezipeler hem döredijilik işgärleriniň öňünde uly jogapkärçiligi goýýar. Arkadag şäherindäki sungat baýramçylygy-da halkymyzy dürli ugurlarda täze zähmet ýeňişlerine, medeniýet ulgamynda ýokary derejelere ýetmäge ruhlandyrar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda meşhur söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Beýik şahyr öz döredijiligi bilen ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk häsiýetlerini kemala getirmegiň milli mekdebiniň binýadyny goýupdyr.

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, meşhur şahyryň bu sanawa girizilen goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dilli dünýäniň halklarynyň hem ýazuw mirasynyň seýrek nusgasy hökmünde ykrar edildi. Çünki olarda tutuşlygyna Gündogar edebiýatynyň dilden aýdylýan şygryýet däpleri öz beýanyny tapýar. Şeýle-de şol mejlisde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak baradaky teklip hem bar. Bu waka halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan Magtymgulynyň eserleri onlarça dile terjime edilip, çapdan çykarylmagy bilen, halkara edebi we ylmy jemgyýetçiligiň gymmatly mirasyna öwrüldi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň görnükli wekiliniň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy, “Magtymguly” atly goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň esasy wakalarynyň biri boldy.

...Irden Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry “Medeniýet hepdeligi — 2024-iň” açylyşy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we ugurdaş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli medeni çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.

Teatryň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda senetçilik, keramika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik işleri, milli lybaslar, saz gurallary, halkymyzyň gündelik ulanýan durmuş esbaplary, suratkeşleriň eserleri görkezildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenilýär. Bagtyýar watandaşlarymyzy halal we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmakda, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny giňden wagyz etmekde ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, teatr we kino işgärleriniň, kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň alyp barýan döredijilikli işine ýokary baha berýäris. Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleri dörederis. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda bu giň gerimli medeni forumyň «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Soňra teatryň sahnasynda sungat ussatlarynyň we belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Tehniki serişdeleriň ulanylmagy esasynda çykyşlaryň her birinde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň köpöwüşginliligi şöhlelendirildi. Aýdymçylar, teatr artistleri, birleşen tans toparlary tarapyndan ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen “Arkadag medeniýeti” atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň ajaýyp badalgasy boldy. Ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilen kompozisiýa Watanymyzyň häzirki döwrüniň waspyny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, mähriban halkymyzyň abadançylygyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen bu syýasat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Joşgunly ýagdaýda badalga berlen konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, sazandalardyr folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Belli bagşylaryň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar” atly çykyş tomaşaçylara uly şatlyk paýlady. Bu çykyş köpasyrlyk çeperçilik gymmatlyklarynyň esasynda kemala gelen we ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly nesiller tarapyndan kämilleşdirilen ýokary hünär ussatlygynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Ýaşajyk artistleriň — Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň hor toparynyň, «Şatlyk», «Gyzyl güljagaz» çagalar tans toparlarynyň bagtyýar çagalyga, eziz Watanymyza bagyşlap ýerine ýetiren “Biz — sungatyň aşygy” atly çykyşy tomaşaçylara ajaýyp döredijilik sowgady boldy.

Soňra ýurdumyzyň döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar, opera ussatlary, estrada ýyldyzlary, belli tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde iň naýbaşy milli nusgawy we häzirki zaman saz eserleriniň nusgalary, halk dessanlary, täsirli aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy. Tomaşaçylar Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň we Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň, türki döwletleriň sungat ussatlarynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Aşgabat», «Galkynyş», «Näzli», «Meňli», «Laçyn», «Serpaý» ýaly belli tans we folklor toparlarynyň çykyşlary sahna aýratyn öwüşgin çaýdy. Magtymguly Pyragynyň watançylyk äheňdäki goşgusyna döredilen aýdymyň ýaňlanmagy beýik akyldar şahyra goýulýan hormatyň beýany boldy. Bu şygyrda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarly döwletiň berkarar bolmagynyň hatyrasyna milletiň jebisleşmegi ýaly müdimi gymmatlyklar öz beýanyny tapýar.

Sahnada Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeginde her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, dabaralara beslenýän Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän “Dost-doganlyk ýollary bar Änewde”, “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri”, “Watan”, “Arkadagly Gahryman Serdarym” atly ruhubelent aýdymlar ýaňlandy. “Miras” folklor toparynyň ýerine ýetiren “Bäş welaýat toý toýlaýar bir suprada jem bolup” atly kompozisiýasynda ýurdumyzyň sebitlerine mahsus bolan aýratynlyklar, sungat ýollaryny öz içine alýan milli medeniýetimiziň özboluşlylygy şöhlelendirildi.

Ýygnananlaryň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan “Alkyş Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly watançylyk aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Aýdymçylaryň we ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren bu aýdymy ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallygynyň, iň gowy arzuwlarynyň beýany bolup ýaňlandy.

Konsert tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň “Arzuw” toý mekanynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.

...Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynyň çäklerindäki dabaralar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Asylly däbe görä, dabara gatnaşyjylar bu ýerde duz-çörek bilen garşylanyldy. Döwlet, Şekillendiriş sungaty, “Watan mukaddesligi” muzeýleriniň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, “Gökdepe” milli muzeýiniň, welaýatlaryň muzeýleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri onuň eýwanynda guralan ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklary, amaly-haşam sungatynyň eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Bu gymmatlyklar özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy, sungaty barada gürrüň berýär. Ajaýyp halylar, keçeler, gadymy milli lybaslar, tebigy boýaglary ulanyp dokalan matalar, keramiki we agaçdan ýasalan önümler, şaý-sepler ähli özboluşlylygy bilen görkezildi.

Bu ýerde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň hem-de Medeniýet hepdeliginiň nyşanlary ýerleşdirilen bannerler goýlupdyr. Ekranda ýurdumyzyň muzeýleri, olaryň milli medeni mirasymyzy aýawly gorap saklamak, wagyz etmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýan şekiller görkezilýär. Soňra muzeý işgärleriniň «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty geçirildi. Türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek, onuň ruhy mirasyny geljek nesiller üçin gorap saklamak we wagyz etmek işinde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän muzeýleriň iri merkezler bolup durýandygy bellärliklidir. Olar ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan çeperçilik we aň-paýhas gymmatlyklaryny, täsin taryhy tapyndylary gorap saklaýar we baýlaşdyrýar.

Bu ulgamy ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň muzeýlerine baryp görýänleriň sany ep-esli artdy. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň mirasyna watandaşlarymyzyň, daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanmalarynyň barha artýandygynyň güwäsidir. Halkymyzyň gadymy taryhy, özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleri baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde häzirki wagtda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň çägindäki gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugrunda tapylan tapyndylary muzeýleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň golaýynda ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňäniň, 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň we 8 sany dürli reňkli gymmatlyklaryň tapylandygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyňdyr hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky seljerme işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanylyp, olar köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, şol döwürde Köneürgenç şäheri Günbatar bilen Gündogaryň arasynda transkontinental ýoluň möhüm çatrygynda ýerleşipdir. Bu tapyndylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserinde beýan edilýän taryhy subutnamalaryň üstüni ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gün bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak, olary tapan hem-de döwlete tabşyrmak işine gatnaşan raýatlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda muzeý işini guramagyň usulyýetini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak wezipeleri iş maslahatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Mundan başga-da, muzeý gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, arheologik tapyndylary hasaba almak, gorap saklamak, gadymy ýaraglary bellige almagyň hem-de saklamagyň aýratynlyklary, muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň tertibi we düzgünleri, muzeý işine sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Muzeýler birleşiginiň baş utgaşdyryjysy, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň muzeýleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Soňra maslahata gatnaşyjylar üçin Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Bu ýeriň gadymy döwürden häzirki günlerine çenli durmuşyny beýan edýän muzeýiň täsin gymmatlyklary uly gyzyklanma döredýär. Muzeý “Arheologiýa we Jeýtun medeniýeti”, “Etnografiýa”, “Tebigat”, “Sungat”, “Garaşsyzlyk” atly bäş bölekden, alty sany sergi zalyndan, sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy, gözlegler we sergi dolandyryşy, muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we saklamak, medeni-gözlegler we usulyýet işleri, dikeldiş we sungaty ösdürmek ýaly bäş bölümden ybaratdyr.

Muzeý işini ösdürmek, diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek meselesi bu ýerde guralan “tegelek stol” maslahatynyň dowamynda gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda muzeý gymmatlyklarynyň we gaznalarynyň işiniň guralyşynda täze usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy, ýurdumyzda bu ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigi bellenildi.

Medeni forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Älem nury” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow