Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
Çap edildi 20.06.2024
3026

Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, parlamentleriň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow