Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri
Medeniýet
Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri
Çap edildi 26.05.2024
762

Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şoňa görä, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Halyçylyk sungatynyň halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny, nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Nepislik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar kämilleşmegiň belentliklerine ýetmek hyjuwyny äşgär edýär. Şeýle hem 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy, ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, “Iň uly haly göli” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.

Döredijilik toparlarynyň çykyşlary Türkmen halysynyň milli muzeýinde emele gelen baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Olarda “janly rowaýatyň” — türkmen halysynyň döreýiş taryhy beýan edildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar, ýurdumyzyň ussat halyçylary, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylaryň öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidigi bellenilýär. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Serginiň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň halyçylarynyň dokan ajaýyp eserleri bilen bir hatarda, döwlete dahylly bolmadyk pudagyň iri kärhanalarynyň biriniň — “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gadymy usullar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlan döwrebap haly önümleri görkezilýär. Telekeçi zenanlaryň sergide görkezýän sowgatlyk önümleriniň toplumy haly gölleriniň sazlaşygy, nepisligi we aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen sergä gelýänleriň ünsüni çekdi. Zenanlarymyz bu günki gün halyçylyk, syýahatçylyk pudaklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Özbegistandan, Owganystandan gelen myhmanlar tarapyndan sergide görkezilýän önümleriň hatarynda nusgawy gölli we dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar. Olaryň arasynda gadymy türkmen halylarynyň gaýtadan dikeldilen nusgalary esasynda döredilen täze nepis görnüşleriniň, külalçylyk önümleriniň hem bardygyny bellemek gerek.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly ada mynasyp bolanlar milli mirasymyzy gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Olar döredijilikli zähmet çekmek, gadymy sungatyň inçe tärlerini geljek nesillere ýetirmek, zehinli halyçylary taýýarlamak babatda ähli mümkinçilikleriň döredilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar milli halyçylyk sungatynyň ösdürilmeginde, el halylarynyň özboluşly aýratynlygynyň wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak maksady bilen, täze taryhy döwrümizde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy sungatymyzy wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň işi hem şu maksada gönükdirildi. Dünýäniň ylmy we işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini, sungat eserlerini, gadymy nusgalary toplaýan alymlary, dürli ýurtlaryň halyşynaslaryny bir ýere jemlän bu guramanyň nobatdaky mejlisinde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Çykyşlarda türkmen halysynyň göllerinde halkymyzyň taryhy döwürleriniň, medeniýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň şöhlelenýändigi bellenildi. El haly sungatynyň ussatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýärler. Suratkeş-bezegçileriň taýýarlan nusgalary esasynda dokalýan owadan halylar ýurdumyzda gurulýan bilim we sport edaralarynyň, myhmanhanalaryň, saglygy goraýyş düzümleriniň, beýleki binalaryň bezegine öwrülýär. Häzirki zaman dokma önümçiligi kärhanalarynda halylaryň ajaýyp görnüşleri dokalýar. Olar özboluşlylygy bilen döwlet edaralaryny, medeniýet merkezlerini, muzeýleri bezeýär. Bularyň ählisi döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň netijesinde mümkin boldy. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. ÝUNESKO tarapyndan türkmen halyçylyk sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmeginiň türkmen halylarynyň daşary ýurtlarda meşhurlygynyň has-da artmagyny şertlendirendigi nygtaldy.

Çykyş edenler gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň el halylarynyň baky gözelligi baradaky “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň bütin dünýäni türkmen halyçylyk sungaty bilen has içgin tanyşdyrandygyny bellediler.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrundaky tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Agşam dabaralar «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.

Soňky habarlar
12.10
Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
12.10
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
12.10
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
12.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşy
11.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud PEZEŞKIANY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak akynda
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali ZARDARINI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç PUTINI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
top-arrow