Baş sahypa
\
Medeniýet
\
TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi
Medeniýet
TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi
Çap edildi 16.05.2024
1395

Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, däp bolan halk senetçiliginiň nusgalary, meşhur türkmen halylary, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary görkezilýän gymmatlyklaryň esasyny düzdi. Bu gymmatlyklar türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň maddy nusgalary bolmak bilen, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de goralyp saklanýan baý ruhy däpleri özünde jemleýär.

Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.

Mejlisiň açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygy Azerbaýjan Respublikasyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, ÝUNESKO-nyň sebitleýin edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Piriç mejlise gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, bu çäräniň türki halklaryň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakda hem-de tutuş dünýäde wagyz etmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdiler. Baý milli taryhy-medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek babatda Türkmenistanda uly işleriň alnyp barylýandygyna, munuň şeýledigine Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň nobatdaky subutnama bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem şu ýylyň martynda bu waka mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, türki dilli ýurtlaryň köptaraply hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, milliligimizi, umumy medeni däp-dessurlarymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga gönükdirilen giň gerimli işler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

ÝUNESKO-nyň sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Amir Piriç öz çykyşynda medeni mirasy gorap saklamak, ÝUNESKO-nyň çäklerinde gatnaşyklary netijeli ösdürmek, bilelikde halkara çäreleri geçirmek ýaly meseleleriň üstünde durup geçdi. Şu ýylyň aprelinde ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň eserleri, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylary, ýurdumyzyň häzirki ösüşleri barada gürrüň berýän neşirler, milli bezeg, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň nusgalary görkezilen «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergi döwletimiziň köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýändigine güwä geçýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän daşary syýasat strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň hatarynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 1993-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan ýurdumyz BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Netijeli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe bolýan halkara başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mejlise gatnaşyjylar bitewi taryhy geçmişi we ruhy gymmatlyklary bilen baglanyşýan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýän Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen dialogyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglylykda, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň başlangyçlaryna hem-de gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak we wagyz etmek, Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak, ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, tebigatynyň gözel ýerleriniň, keşdeçilik däpleriniň, ahalteke atlaryny, türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň milli usullarynyň, türkmen halkynyň beýleki maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine degişli hödürnamalara üns çekildi.

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň biziň sebitimiziň gaýtalanmajak medeni özboluşlylygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Şunda ilkinji ädim hökmünde 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary esasynda “Biziň mirasymyz” atly sebitleýin taslamany işläp taýýarlamak teklip edilýär. Köptaraplaýyn görnüşde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, rejelemek we öwrenmek babatda tejribeleri alyşmak, ÝUNESKO-nyň, TÜRKSOÝ-nyň dürli halkara sanawlaryna goşmak üçin bilelikdäki taslamalary ilerletmek bu maksatnamanyň wezipesi bolar.

Soňra TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri baradaky maslahatlaşmalara badalga berildi. Mejlisde medeni mirasyň nusgalaryny kesgitlemek we goramak boýunça milli toparlaryň her ýylda geçirilýän mejlisleriniň sanynyň artdyrylmagynyň onuň işini has-da netijeli häsiýetli etjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşykda çykyş edenler milli toparlaryň bilelikdäki işleriniň köp babatda, şol sanda köpmilletli we bilelikdäki resminamalary taýýarlamakdaky hyzmatdaşlygynyň hem-de tejribeleri alyşmagynyň möhüm ähmiýetine üns çekdiler. Türki dünýäniň medeni mirasyny gorap saklamagyň bähbidine degişli meseleleri maslahatlaşmak we işjeň iş alyp barmak üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirildi.

Forumyň işi okuw maslahatlarynyň dördüsiniň çäklerinde dowam etdi. Olarda ÝUNESKO-nyň durmuşa geçirýän maksatnamalarynyňdyr taslamalarynyň ýurdumyz tarapyndan goldanylmagy, bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň, maddy däl medeni mirasynyň goralyşy, bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşylyp, gatnaşyjylaryň bu ugurlardaky teklipleri we hödürnamalary diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem ähli tagallalaryň ediljekdigini belländigi barada aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, başga-da köp sanly resminamalaryna goşulmagy, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny tassyklamagy döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, Milletler Bileleşiginiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat ösüşine goşant goşmakda maksada gönükdirilen işleriň barha çuňlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň birnäçe gezek bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi döwletimiziň medeni hem-de tebigy mirasy goramak boýunça amala aşyrýan işlerine berlen ýokary bahadyr.

Degişli Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan birnäçe täsin taryhy desgalar — Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý galasy saýlanyp alyndy we olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. “Görogly” dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem bu abraýly sanawyň üsti “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu şanly wakanyň çäklerinde türkmeniň akyldar şahyrynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna girizildi.

ÝUNESKO agza döwletler tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanylyp, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ukrainanyň goldamagynda bu guramanyň şanly seneleriniň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem goşmak hakyndaky hödürnama makullanyldy. Bu işleriň ählisi türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň we medeniýetiniň kemala gelmegine goşan goşandyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. Okuw maslahatlarynyň barşynda oňa gatnaşyjylara Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň arasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri degişli sanawa goşmak boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» hem-de Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi medeni hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeldip, döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky çözgüt yglan edildi.

Çykyş edenler ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, özbegistanly kärdeşler bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna, Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde bu guramanyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek, halkymyzyň milli mirasy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny bu abraýly sanawa girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça ýurdumyz tarapyndan yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. “Dünýäniň hakydasy” halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde “Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!” atly monografiýa taýýarlanyldy.

ÝUNESKO-nyň çäklerinde ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bilelikdäki ylmy maslahatlaryň, degişli ugurlaryň hünärmenleri üçin okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi. ÝUNESKO klublarynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylygyň dilleri”, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti” atly klublar hereket edýär. Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly klub döredildi. ÝUNITWIN/ÝUNESKO bilim maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralary döredildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy.

Ýygnananlar forumyň guramaçylygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ÝUNESKO-nyň çäklerindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, medeni mirasyň häzirki ýagdaýy, geljekde ýerine ýetirilmeli bilelikdäki işler bilen baglanyşykly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň ahyrynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň Jemleýji resminamasy kabul edilip, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk mälim edildi. Hususan-da, gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň “Biziň mirasymyz” atly taslamany işläp taýýarlamak boýunça teklibini biragyzdan makulladylar.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow