Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy
Syýasy habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy
Çap edildi 27.09.2023
3394

Eziz Diýarymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny belleýär. Häzirki wagtda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş başlandy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Baýramyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň topary halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň ordeni, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezilýär.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow