Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 29.05.2023
2386

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşde üstünlik gazanan ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhman bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Biziň ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklara netijeli häsiýet mahsusdyr. Soňky döwürde, şeýle-de tutuşlygyna döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän parlamentara dialog täze ösüşe eýe boldy.

Duşuşygyň dowamynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Şunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy. Munuň özi Türkmenistanda ykdysady, senagat ulgamynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, şeýle hem işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen şertlendirilendir.

Himiýa senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu pudagy ösdürmegiň milli strategiýasy ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleriň öndürilmegine gönükdirilendir. Şunda innowasion häsiýetli enjamlaryň netijeli peýdalanylmagyna, ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem maýa goýum işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda bu ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde görkezildi. Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi. Ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri nazara almak bilen, koreý kompaniýalarynyň “akylly” şäherleri gurmak hem-de olary dolandyrmak, ýokary tehnologiýalary ulanmak boýunça toplan öňdebaryjy tejribesi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda gazananlary biziň ýurdumyzda uly gyzyklanma döredýär. Mundan başga-da, Türkmenistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we onuň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju ikitaraplaýyn özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň geljekde-de uzak möhletleýin esasda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow