Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2025
1941

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Walentina Matwiýenko Milli Liderimiziň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize salamyny we rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hakyky dosty hökmünde döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Bu gatnaşyklar berk dostluk, özara hormat goýmak däplerine esaslanyp, ähli ugurlar boýunça netijeli duşuşyklar we gepleşikler arkaly ösdürilýär. Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, dostlukly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy dialog, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, medeniýet, ylym, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow