Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2025
2015

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Milli Liderimiziň däp bolan türk-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dialog uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Halklarymyzyň dil, medeniýet, ruhy taýdan umumylygy döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam berýär. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary, pudaklaýyn edaralaryň arasyndaky maslahatlaşmalar we gepleşikler hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow