Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2025
2384

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly tagallalaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bolan doganlyk Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Döwletara gatnaşyklar açyklygy, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli dialog ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwletara dialogyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow