Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 29.06.2025
1577

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watan Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Şeýle hem işewür Milli Liderimiziň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini aýtdy. Şol geçen döwürde kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi, onuň amala aşyran taslamalary bolsa halkara ölçeglere laýyk gelýär. Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmaga we ony ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Munuň şeýle bolmagyna halklarymyzyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudakda netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy.

Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kompaniýanyň işine ýokary baha berdi we toplanan oňyn netijäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän ýokary ynam, şeýle hem Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
top-arrow