Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 24.03.2023
2652

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, 26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny belledi. Türkmenistanda bu wajyp çäräniň açyklyk, demokratik ýörelgeler esasynda, milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyna we GDA-nyň Baş sekretaryna saýlawlara syn etmäge gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de ýurtda halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, saýlaw möwsümi türkmenistanlylaryň işjeň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda guralýandygyna, ýurduň giň demokratik özgertmeler ýoluna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, saýlawlaryň üstünlikli geçmegini şertlendirýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy, häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerinde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýandygy nygtaldy.

GDA-nyň giňişligindäki özara gatnaşyklar meselelerinde Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Köptaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda sport ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmek we giňeltmek boýunça yzygiderli öňe sürülýän teklipler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, munuň üçin ýurdumyzda iri sport çärelerini geçirmegiň oňat tejribesi hem-de döwrebap ugurdaş düzümi bar.

Arkalaşygyň döwletleriniň bar bolan uly kuwwatynyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy. Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlar, GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek hem möhüm ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ähli ýurtlary bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belläp, döwletara hyzmatdaşlygy netijeli utgaşdyrýandygy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň bilelikdäki işiň toplanan köpýyllyk tejribesine esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow