Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 22.05.2019
1117

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli sözlerini ýetirdi. Şunda ýapon işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli hem-de işjeň syýasatynyň we özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy hem-de ýurdumyzda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny belledi. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly we wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda ýyl-ýyldan berkidilýär we halkara giňişlikde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurt birek-birege özara goldaw berýär. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek, ylma esaslanýan hem-de ähli ölçegler boýunça halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça Türkmenistan bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň işine esasy üns berildi. Onuň nobatdaky bilelikdäki 13-nji mejlisini 23-nji maýda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirildi. Oňa gatnaşmak üçin wekilçilikli topar paýtagtymyza geldi. Oňa diňe bir Ýaponiýanyň işewür düzümleriniň däl, eýsem, birnäçe ministrlikleriniň hem wekilleri gatnaşýar. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, işewür gatnaşyklary berkitmegiň, dürli ugurlarda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň we maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň meseleleri giriziler. Şeýle hem iri maýa goýum, şol sanda nebitgaz we gazhimiýa senagaty boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garalar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu ugurda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Maryda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça, Garabogazda karbamid önümçiligi, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik ýangyjyň önümçiligi boýunça iri senagat toplumlary bolan düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini anyk mysallar hökmünde görkezmek bolar. Ulag-aragatnaşyk we logistik ulgamlarda, oba hojalygynda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikler bar. Bu ugurlarda ikitaraplaýyn bähbitleriň netijeli häsiýete eýe boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen-ýapon ynsanperwer hyzmatdaşlygyna, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň hereket etmegi, 2016-njy ýylda Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we ýöriteleşdirilen orta mekdebiň açylmagy, onuň maksatnamasyna ýapon diliniň girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilelikdäki medeni we döredijilik çärelerini geçirmegiň netijeli häsiýete eýe bolýandygy bellenildi. Şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamy boýunça gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Jenap Ýoiçi Kobaýaşi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine goldaw berýändigi we ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny ýene bir ýola tassyklady. Hormatly Prezidentimiz ýapon hyzmatdaşlarynyň ýurdumyz bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan başlangyçlaryna kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen öňde boljak mejlisiň işine üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhman anyk teklipler we degişli şertnamalaýyn-hukuk binýady bilen berkidilýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin hem-de ikitaraplaýyn bähbitli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow